Dark
Light
03.01.2026
Art deko THE ASHGABAT TIMES

Art Deco Günbatar Ýewropada we ABŞ-da 1920-nji ýyllarda peýda boldy

20.02.2024

Häzirki zaman binagärlik stilleri: olar hakda bilmeli zatlaryňyz.

Arhitektura şeýle gurşaw bolup, onda käbir tendensiýalar çalt başga tendensiýalara öwrülýär we bir ugurdan birnäçe täze we özboluşly ugurlar ýüze çykyp bilýär. 20-nji asyrda täzeçil binagärleriň kömegi bilen köp şäherleriň keşbi düýbünden üýtgedi. Bu makalada häzirki zaman binagärlik stilleriniň käbirleri barada gürrüň ederis:

Art Deco. Günbatar Ýewropada we ABŞ-da 1920-nji ýyllarda peýda boldy. 1925-nji ýylda  Parižde geçirilen bezeg sungatynyň we senagatynyň halkara sergisinden soň meşhur boldy. Aýratynlyklary. Art Deco – Birinji Jahan Urşundan soň şäherlerde galan weýrançylyga jemgyýetiň beren jogabydy: adamlar baýramçylyk we ajaýyplyk duýgusyny islediler. Binagärler gymmat bahaly tebigy daş we gözüňi özüne çekiji bezegleri ulandylar. Geometrik şekilleri esas hökmünde aldylar, binalaryň fasadlaryny simmetrik etdiler we baý altyn bezeg goşdular.

halkara stil THE ASHGABAT TIMES

“Art Deco” döwründe häzirki wagtda binagärlik ýadygärlikleri hasaplanýan meşhur Amerikan kaşaň binalary peýda boldy. Düzgün bolşy ýaly, şeýle beýik binalar basgançakly görnüşe eýe bolup, her bir dereje heýkeltaraş kompozisiýasyna  eýerilýär we göwrümleýin bezeg bilen bezelýär. Has beýik binalar mydama ýokaryk ugrukdyrylýar, ýöne “Art Deco” döwründe binalaryň ýokarysy tekiz däl-de, inçejik uçlar bilen bezelipdir. 

Mysallar. 1931-nji ýylda açylan Nýu-Ýorkdaky “Empire State Building”, Amerikan radiator binasy, “Chrysler” binasy, General elektrik binasy.

senagat stil THE ASHGABAT TIMES

Senagat stili. Haçan we nirede peýda boldy? 1920-nji ýyllarda ABŞ ykdysady çökgünligi başdan geçirdi. Şol döwürde ýurtda eýýäm köp sanly senagat binalary bardy, ýöne kyn ýagdaýyň fonunda kärhanalaryň eýeleri olary ýaşaýyş jaýlary üçin ulanmaga mejbur boldular. Häzirki zaman binagärligiň senagat stili şu ýerden gelip çykypdyr. Aýratynlyklary. Düzgün bolşy ýaly, bu görnüşdäki binalar gödek, bejerilmedik materiallardan – kerpiçden ýa-da betondan ýasalýar. Şeýle zatlar bezegden düýbünden mahrumdyr we estetiki lezzet üçin däl-de, işlemek üçin – önümçilige ýer bermek üçin döredilipdir. 

Mysallar. 1936-njy ýylda dokma fabrigi üçin gurlan MakKibbin Street Lofts. 1998-nji ýylda olar ýaşaýyş jaýlaryna öwrüldi.

Halkara stili (modernizm).  Günbatar Ýewropada we ABŞ-da 1930-njy ýyllardan 1960-njy ýyllara çenli adaty zatdy. Bu adalganyň özi 1932-nji ýylda Nýu-Yorkorkdaky Döwrebap sungat muzeýinde geçirilen sergiden soň ulanylyp başlandy. Aýratynlyklary. Bu stil Bauhaus mekdebiniň wekilleri tarapyndan öňe sürlen pikirlere esaslanýar. Arhitektorlar binalary mümkin boldugyça funksional işlemäge we  bezegi terk etmäge synanyşdylar. Şekilleriň, tebigy fonlaryň we kölegeleriň ýönekeýligi öňe çykdy. Arhitektorlar üçin esasy görkezmeler ýönekeý çyzyklar we geometrik zatlar – silindrler ýa-da kublardy. Jaýlar ulydy, ýöne içerde boşluk duýulýardy. Içki bezeg gysby däldi. 

Mysallar. Fransuz binagäri Le Corbusier tarapyndan Puassy şäherinde gurlan willa sawoý, Nýu-Ýorkdaky Seagram binasy we  Ludwig Mies van der Rohe tarapyndan taýýarlanan Illinoýsdaky “Aýna öýi”.

Merdan REJEPOW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yowuzlyk stili THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Binagärlik stilleri barada

47198489 f143 4e09 b1a2 0b354d10d7d8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Söwda bilen baglanyşykly hünärler

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop