Taryhy maglumatlara görä, mundan 30 müň ýyl ozal adam ýabany ösýän gowaçadan pagta süýümini soguryp alyp, ony egirip, ondan hem mata dokamagy bilipdir. Hindistan pagtanyň watany hasaplanýar. Sebäbi arheologlar gadymy Mahenjo Daro şäheriniň harabaçylyklarynda gazuw agtaryş işlerini geçirenlerinde pagta süýmünden dokalan mata bölejigini tapýarlar. Alymlaryň çaklamagyna görä, şol mata bölejigi, biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl ozal dokalan hasaplanylýar. Pagtaçylygyň geçmişi hem-de Hindistanda pagta süýüminiň ulanylyşy hakynda, gadymy grek taryhçylary Gerodotyň we Teofrastyň (biziň eýýamymyzdan ozalky IV-V asyrlar) ýazgylarynda hem bar.
Gadymy siwilizasiýanyň merkezleriniň biri hasaplanýan Türkmenistan ýurdumyzda hem, pagta iň gadymy medeni ekin bolupdyr. Bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkymyzyň geçmişini, gelejegini pagtasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Biziň ata-babalarymyz geçmişde gowaçadan bol pagta hasylyny almak bilen çäklenmän, eýsem ony gaýtadan işlemegi hem ussatlarça başarypdyrlar.
Türkmenler asyrlaryň dowamynda tara, jin çarh hemde beýleki ýönekeýden sada dokma enjamlaryny ulanypdyrlar. Şol enjamlar bilen gaýtalanmajak, dünýä gymmatlyklaryna goşulan matalary dokamagy başarypdyrlar. Pagta süýümini egrip, ondan dokalan ajaýyp matalary, başga halkynka meňzemeýän milliligi hemde nepisligi bilen tapawutlanypdyr.
Pagta bolamasa gündelik durmuşy göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Ak altyna deňelýän ak pagta “ ýalaňaça don bolsa, zähmetkeşe şan” bolýar. Ýagny, ýetişdirýän pagtamyz özümiz üçin egin – eşik, ony ýetişdirmek üçin zähmet çeken adama şan – şöhrat, at – abraý getirýär.
Häzirki wagtda ýaşaýyş hem-de durmuş şertleriniň gowulanmagy bilen adamlaryň tebigy süýümden dokalan matalardan dikilen eşiklere islegi artýar. Sebäbi pagta süýüminden dokalyp, şol matadan dikilen egin-eşikler adam tenine ýakymly – gyşyna ýyly, tomsuna sergin bolýar. Diýmek, ýyllar geçdigiçe her adama harçlanýan süýümiň mukdary ýokarlanmaly bolýar. Alymlaryň hasaplamalyryna görä, 2050-nji ýyllarda her bir adama harçlanýan pagta süýüminiň mukdary 17 kg ýeter diýip çaklanýar.
Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanda her ýylda 1 mln 200 tonna golaý ak altyn öndürilýär. Şol pagtadan alynýan süýmüň aglaba bölegi öz ýurdumyzdaky dokma toplumlarynda gaýtadan işlenip, mata we trikotaž önümlerinden dünýä ülňülerine gabat gelýän egin – eşikleri tikilýär. Dünýäde biziň dokma önümlerimize hyrydaryň juda köpdügini biziň hemmämiz bilýäris.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi kafedrasynyň mugallymlary bolup, beýleki pagtaçylar ýaly ak pagtany “ak bagtymyz “ hasap edýäris we Tebigy süýümleri egirmek we Mata önümçiligi hünärleriniň talyplaryna pagta, ýüň, ýüpek süýümlerinden dürli belgili, görnüşli nah ýüplüklerini öndürmekde, olardan nah hem-de garyşyk matalary dokamakda ulanylýan tehnologiýalaryň we tehnikalaryň nazary esaslaryny öwredýäris.
Şu günler biziň uniwersitetimiziň talyplary hormatly Prezidentimiziň gurup beren ajaýyp egirme-dokma kärhanalarynda häzirki zamanyň kämil, ösen, kompýuter arkaly dolandyrylýan enjamlarynda önümçilik tejribelerini geçýärler we öwrenen nazary bilimlerini iş ýüzünde – önümçilikde amal edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň bu aladalary talyplarymyzda diňe gelejege uly umyt döretmän, eýsem, mähriban Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar we oňa bolan buýsanjyny, guwanjyny has-da ýokary göterýär.
Biziň öz kärimize kämilleşmegimize şeýle gowy mümkinçilikleri döredeni üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden taňyryýalkasyn aýdýarys!
Adamzat döräli bäri pagta ýaşaýşyň aýrylmaz bölegine öwrülip gelýär. “Ak altyna”, “ak bagta” deňelip, onuň mertebesi ýokary hasaplanýar.

Aýjan ATAÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy