Dark
Light
25.01.2026
yowuzlyk stili THE ASHGABAT TIMES

Binagärlik stilleri barada

20.02.2024

Häzirkizaman binagärlik sungaty köpleriň ünsüni özüne çekýär. Biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan binagärlik stilleri aşakdakylardan ybaratdyr:
Art Deco.  Senagat stili. Halkara stili (modernizm). Ýowuzlyk (modernizm). Ýokary tehnologiýa. Dekonstruktiwlik stili. Minimallyk. Skandinaw stili. Blob arhitekturasy. Ýaşyl / dowamly arhitektura ýa-da eko-arhitektura.
Geliň olaryň käbirleri bilen tanşalyň:
Ýowuzlyk stili.
Iň işjeň döwür  1950-70-nji ýyllarda Beýik Britaniýada bolup,  wagtyň geçmegi bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrady. Aýratynlyklary. Bu stilde gurlan binalar gaty we monolit ýaly görünýär, düýbünden bir ullakan tekiz daşdan bölünip ýasalan ýaly. Fasadlar bezegden mahrum, arhitektorlar bolsa adaty bolmadyk şekilleri kesip oýmak netijesinde emele gelen penjire gurluşlara ünsi jemlediler. Taslamalar üçin esasy material gaýtadan işlenmedik demirbeton boldy.
Mysallar. Bangladeşiň Milli mejlis öýi, Waşingtonda J. Edgar Hower binasy, Kaliforniýadaky Geisel kitaphanasy.

yokary tehnologiya usuly THE ASHGABAT TIMES


Ýokary tehnologiýa stili. Ýewropada, 1970-nji ýyllarda peýda boldy.
Aýratynlyklary. Şeýle binalarda binagärler tehniki ösüşiň netijelerini görkezmäge synanyşdylar we inženerçilik kommunikasiýalaryny diwarlaryň aňyrsynda gizlemediler: turbalar, howa çalşygy ulgamlary, basgançaklar we kömekçi elementler daşardan geçirilip başlandy. Iň meşhur materiallar metal, profil, plastmas, aýna we beton. Dizaýnlar artykmaç bezegsizdi,  ýönekeýdi.
Mysallar. Pariždäki Pompidou merkezi we Barselonadaky Sungat myhmanhanasy.
Dekonstruktiwlik stili. Haçan we nirede peýda boldy? 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Ýewropada dörändir. Yrak-Iňlis binagäri Zaha Hadidiň we Kanadaly Frank Gehriniň eserleri netijesinde meşhurlyga eýe boldy.
Aýratynlyklary. Dekonstruktiwlik stili 1920-nji ýyllarda meşhur bolan Sowet konstruktiw stili esasynda ösdi. Täze ugruň wekilleri bar bolan däp-dessurlary dowam etdirdiler, ýöne binalaryň şekillerini has çylşyrymly we  bulaşyk etdiler. Fasadlar üýtgeşik görünýärdi – döwülen ýa-da egilen ýalydy. Käwagt binanyň ýykyljak ýaly duýulmagy mümkin. Köplenç binalarda adaty simmetriýa ýok, basgançaklar we diwarlar biri-birine laýyk däl we penjireler adaty däl görnüşde.

dekonstruktiwlik THE ASHGABAT TIMES


Mysallar. Frank Gehri tarapyndan taýýarlanan Bilbaodaky Guggenheim muzeýi, Pragadaky tans edýän öý, Zaha Hadid tarapyndan taýýarlanan Germaniýanyň Weil an Rhein şäherindäki Witra dizaýn muzeýi, Los Anjelesdäki Wolt Disneý konsert zaly,  Bakudaky Heýdar Aliýew merkezi

Täzeaý PERDELIÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

The Gansu Wind Farm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäniň ägirt uly ýel energetiki stansiýalary

Art deko THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Art Deco Günbatar Ýewropada we ABŞ-da 1920-nji ýyllarda peýda boldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop