Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Biržanyň döredilmegi we islegi

26.02.2024

Haryt çig mal biržasynyň döredilmegine garap geçeliň.Esasy mesele bolup haryt biržasynyň ýerleşmek meselesi we onyň ýerlenilmeli harytlary,önümleriň görnüşlerini kesgitlemek meselesi öňde durýar.

Dünýä tejribesine görä haryt biržalary, maddy çeşmeleri jemlenen uly merkezlerinde ýerleşýär.

1-nji tapgyrda -iş guraýjylar biržanyň ilkinji ösüş döwründe we geljeki bazara garşy uýgunlaşmakda näme edip biljekdigini we näme işleýändigini anyk kesgitleýär.

Mysal üçün: biržanyň ösüp barýan döwründe birža sowdasyna gatnaşýan kärhanalar näme gazanyp bilerler?

Bu ilki bilen harydy amatly satmaga,satyn almaga ýa-da çalyşmaga, ýurdymyzyň bazarlarynda harytlara bolan isleglar we teklipler boýunça teklipler baradaky geleşikler boýunça garşydaş tarapyň töleg ukyplylygy we ygtybarlylygy baradaky maglumatlary almaga mümkünçiligidir. Döwlet we pudakara edaralar biržanyň döredilmegi bilen özleriniň işewerligini we sowda işleriniň kadalaşmagyny gazanyp bilýärler.

2-nji tapgyrda –biržanyň üstü bilen ýerleniljek harytlary kesgitlemekdir.Birža harytlarynyň talaplary:

1.Ülňä (standarda) laýyk gelmek.
2.Harytlaryň biri-birini çalyşmak ukuplylygy.
3.Geljekde durnukly islege laýyk gelmek.

3-nji tapgyrda -biržany guraýjylary,esaslandyryjylary saýlaýarlar (maliýe serişdelerini goýum edip biljek, maddy serişdelerini çekip biljek we giň aragatnaşyklary ýola goýup biljek).

4-nji tapgyrda -esaslandyryjylaryň arasynda haryt biržalaryny mahabatlandyryp biljekleri.

Toýlymyrat KERIMOW
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Снимок экрана 52 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arheologlar 2100 ýyl bolan bürünç eldäki gizlin sözüň syryny açdylar

213123 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Gorkut ata” kitaby

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop