Dark
Light
03.01.2026
t96SnVeaFD THE ASHGABAT TIMES

DÖKÜLMELER WE GURUMLAR

16.02.2024

Daglyk  sebitlerde  bitewidaş  jynslaryň  ýaýran  kert eňňitliklerinde  fiziki  tozap  dargama  özgermeler  güýçli işeňňirlikli  geçýändir.Dag  jynslary  jaýryklanyp  dargaýarlarjyns  bölekleri  eňňitlik  boýunça  aşaklygyna  orun  üýtgedip, ýapynyň ýalgaklaýan ýerinde toplanýarlar. Bu özgermä bolsa dökülme diýilýändir.

Eňňitligiň  eteginde  dökülme  önümleri –harsaňlar, daşlar, çagyllar, has ownuk bölekler toplanyp iri ýapylary ýa-da arasy üzüler dökülme gerişleri emele getirýärler. Dökülmeleriň  galyňlygy  dürli-dürli  we  birnäçeden onlarça  metrlere  ýetýärler.  

Dökülmeleriň  düzümine  eňňitligi düzýän  dag  jynslarynyň  bölekleri  girýändir.  Dag  jynslaryň görnüşini dökülmäniň bölekleriniň iriligini kesgitleýär. Mysal üçin,  bütewi  kristallik  dagjynslary  iri  böleklenen  (harsaň) dökülmeleri  döredýändir.  Beýleki  pes  berklikli  bitewilikler orta böleklenen (ownuk çagyl) we güýçli dargamaklykda bolsa ownuk böleklenen dökülmeleri emele getirýärler. Slanesler we çökündi  dag jynslary  (hekdaşlary, mergeller, çägedaşlary we beýlekiler) dürli şekili (plitka (ýasy) şekilli, süýgeşik we ş.m.) we ölçegli dürli böleklenen toplanmalary döredýärler. 

Dökülmeleriň    häsiýetli    aýratynlygy    olaryň hereketliligidir.  Hereketlilik  alamatlary  boýunça  olar  işeňňir hereketli  möwritdäki  hereketdäki,  sönýän  we  hereketsiz dökülmeler bölünýärler.

Hereketdäki  dökülmeler  açaçan  we  ösümlik  örtügi bilen  örtülmedik  ýagdaýdadyr.  Gowşak  pytrangy  haldaky bölekleriň  agramy  artyp,  durumsyz  ýagdaýynda  bolup, göwrüm  agramynyň  artmagynyň  täsiriniň  ýagny,  güýçli çiglaşmasynyň   dökülme   ýapynyň   aşaky   böleginiň kesilmeginiň,  ýer  titremekliginiň  we  beýleki  hojalyk  işleriň hasabyna hereketli hala geçýändir.

Amangül HYDYROWA

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

KÖŇÜL GÖZGÜSI

image 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ RAÝAT JEMGYÝETINDE SANLY INNOWASIÝALARY ILERLEDÝÄR

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop