Dark
Light
03.01.2026
234f0ccc0ca21cf96abc54cc551f948220797 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES

Dünýäniň iň uzyn we iň kiçi demir ýoly

24.02.2024

Dünýädäki iň uzyn demir ýol – Russiýadaky meşhur Trans-Sibir demirýoludyr. Uzynlygy 8,3 müň km bolan bu ýoluň taryhy bölegi Ýekaterinburg bilen Wladiwostoky birleşdirýär. Häzirki wagtda bolsa Trans-Sibir demirýoly Moskwadan gaýdýan bölümlerini hem öz içine alýar. Diýmek ol Moskwa – Wladiwostok aralygyndaky demir ýoludyr.
Watikan şäherindäki demir ýol ulaglary, Watikan şäheriniň içinde 300 metr uzynlygyndaky iki demirýol liniýasyndan ybarat bolup, dünýäde iň gysga milli demir ýol ulgamydyr.
ABŞ demir ýollary: dünýädäki iň uzyn demir ýol toruny emele getirýär.  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) demir ýol ulgamy jemi 298 müň km uzynlykdaky ululy-kiçili demir ýollardan ybarat bolup, dünýädäki bir ýurda degişli bolan demir ýol torunyň iň ulusydyr. Ol öz gezeginde hytaý demir ýollardan takmynan 2 esse we rus demir ýollaryndan 3 esse uzyn.
Häzirki wagtda demir ýol tunnelleriniň içinde  iň uzyn desga Gotthard bazasy tuneli hasaplanylýar. Şweýsariýanyň Alp daglarynda ýerleşýän bu tunnel  57 km-den gowrak bolup, diňe bir uzynlykda däl, eýsem, dünýäde iň çuň tunnel hökmünde hem tanalýar. Onuň ýerden çuňlugy  2,4 km. Tuneliň çuňlugy, Ukrainadaky Donetsk sebitiniň Şahtýorsk şäherinde ýerleşýän  “Şahtýorskaýa-Glubokaýa” (1,5 km) diýip atlandyrylýan iň çuň magdan şahtasyndan has çundur.
Türkmenistanda demir ýol ulaglary 1880-nji ýyldan bäri ulanylýar. Ilkibaşda Zakaspi trans demirýolunyň bir bölegi, soňra Merkezi Aziýa demir ýolunyň bölegi hökmünde kabul edilen.  Sowet Soýuzy dargansoň, Türkmenistanda demir ýol ulgamy döwlete degişlidir. Ýurtda Demir ýollaryň umumy uzynlygy takmynan 3600 km

Jumagül REJEPOWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Снимок экрана 49 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Amerikanyň Nova-C IM-1 kosmiki apparaty Aýa gondy

lon700 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Walensiýada 2 sany köpgatly ýaşaýyş jaýda ýangyn boldy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop