HS2038 1 THE ASHGABAT TIMES

GALYNDYLARDAN ÖNDÜRILEN ÝÜPEK ÝÜPLÜGINIŇ  HILINI ÝOKARLANDYRMAK

27.02.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu pudagy goldamak boýunça geçirýän toplumlaýyn çäreleri netijesinde ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýüpekçiligi ösdürmek hem-de gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir. Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýüpek sapagyny egirmege taýýarlamak esasy çig-malyň dürli galyndylardan sortlamadan, pile keleplemäniň, pilä tow bermäniň, pile daramaklygyň, ýüplüklerini taýýar görnüşinde pagta hem himiki kesgitli uzynlykly süýümleri ulanylýar. Ýüpekçiligiň galyndylaryna: pile sarymyndan öň gurçugyň çykarýan sütügi ýa-da ýüpegi, söklemäge ugradyp bolmaýan zaýa pileler, kebelegi çykyp giden deşikli pileleri degişli. Pile keleplemäniň galyndylaryna: pile kelepleýji fabriklerden saýlanyp galan zaýa pileler, pile sütügi, ýa-da buglamadan soň pile sapaklarynyň uçlary tapylmadyk, aýrylýan piläniň ýokarky bölegi, bölekleýin sökülen ýa-da asla sökülmeýän pileler, hem-de piläniň içki gatlagy – gaýnadylan piläniň söklenmeýän gatlagy degişlidir. Nädogry  görnüşli kemçilikli pileler hem edil normal (kemçiliksiz) pileler ýaly, gaýnatmada, pile sapagyny tapmakda we söklemekde şol bir düzgüni talap edýär. Normal pileler bilen deňeşdireniňde, kemçilikli pileleriň ähli görnüşi söklenende çig ýüpegiň az çykymyny we pile sütüginiň köp çykymyny berýär. Kemçilikli pileleriň ählisi çig ýüpegiň kemçilikleriniň köp mukdaryny ýagny, aýratyn hem düwünler, halkalar, murtjagazlar we toplanmalary berýär. Kemçilikleriň iň köp mukdaryny we arassalygyny pes göterimine  atlasly, örtügiň ýumşak gurluşy bolan pamyk görnüşli pilelerden öndürilen çig ýüpek eýedir. Pileleriň kemçilikligi normal we kemçiliklilere bölünýär.

Ýüpegiň tow bermekliginiň galyndylaryna, şeýle hem dokma we trikotaž önümçiliginiň galyndylaryna tow berilen we tow berilmedik sapaklaryň ýoluny degişli.Ýüpek egirmeklikde üç egirme ulgamy bar: inçe darama, orta darama we apparat. Egirmekligiň inçe darama ulgamy inçe ýüplük almak üçin ulanylýar. Inçe darama ulgamynda süýümleriň daralmasy gapakly daraýjy maşynlarda we inçe daraýjy maşynlarda amala aşyrylýar. Önümiň inçeldilmesi süýündiriji abzallarda geçirilýär. Ýüpek egirme önümçiliginiň inçe darama egirme ulgamynda  ýüplükleriň emele gelşiniň yzygiderlikleri şu aşakdakylardan ybaratdyr.

 Gysga süýümler tüýtmeklige we arassalamaklyga sezewar edilýär, ondan soň olardan garyndy düzülýär, ony awtomatiki ýa-da el bilen ýaglaýarlar. Taýýar garyndyny iki ýa-da üç daraýjy apparatda daralýar, emele gelen çala tow berilen ýüplük halkaly egirme maşynda egrilýär.

Ýüpek sapagyň sortlananda innowasion tehnologiýanyň usullaryny ornaşdyrmak öndürmekde enjamlaryň işçi bölekleriniň aralyklaryny sazlanyşyny seljermek. Sapagyň hili  görnüşinde esasy häsiýetlerini we  görkezijilerini kesgitlemek. Ýüpek sapagyň berkligini we tow berlen  dykyzlygyny yzygiderligini düzmek. Ýüplügini taýarlama işlerini geçirilen sortlama esasynda tehniki häsiýetlerini görä tehnologiýalary ornaşdyryp görkezijileriniň ýokarlandyrylyşy ylmy täzeliginde çig malyň dürli sortlardan gaýtadan işlemeli.Ýüplügiň hilini barlamak we standartlaşdyrmak sapagyň öndürilişiniň tehnologiýasyny seljermek we tehniki yzygiderligini berlen enjamyň häsiýetnama boýunça ylmy-barlag işi nazary we amaly maglumatlar esasynda işlerini seljerme, bermek ýüpek sapagyň arassalamakda we gaýtadan işlenende ykdysady görkezijilerini taýarlamak.

Ogulbäbek ÝAZLYÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:47 pm, Jan 18, 2025
temperature icon 10°C
переменная облачность
Humidity 53 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:13 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI – MILLI TERBIÝÄNIŇ ENSIKLOPEDIÝASY

consciousness meditation neurosicnce THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Meditasiýa

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop