jDiuqE3qim THE ASHGABAT TIMES

GAZ GÖRNÜŞLI HAPALAÝJYLARYŇ EMELE GELMEGI

14.02.2024

Gaz  görnüşli  hapalaýjylaryň  emele  gelmegi  dürli prosesler  üçin  häsiýetlidir.  Bu  ilki  bilen  şeýle  himiki reaksiýalardyr,  ýagny  okislenme,  dikelme,  orun-çalyşma  we dargama,  şeýle  hem  elektrohimiki  (elektroliz)  we fiziki (bugarma, distilýasiýa) prosesleridir.

Gaz görnüşli zyňyndylaryň köp bölegini esasan ýanma prosessinde emele gelýän okislenme önümleri düzýär. Ýagny uglerod  okislenende  uglerody  oksidi  we  dioksidi,  kükürt okislenende    kükürdiň    dioksidi,    azodyň    ýokary temperaturalarda   okislenmeginde   bolsa   azodyoksidi   we dioksidi emele gelýär. Onda başga-da ýanma prosesinde haçan-da  doly  däl  ýanma  bolanda  orginiki  maddalaryň  doly okislenmesi  bolup  geçmeýär  we  käbir  organiki  birleşmeler: aldogidler,ketonlar,ýa-da  organiki  kislotalar  emele  gelip  biler. Şeýle hem käbir ýagdaýlarda kükürt wodorod emele gelýär. 

Ýanmak prosessinden başgada himiýa senagatynyň we reňkli metallurgiýanyň käbir prosessleri okislenme önümleriniň zyňylmagynyň çeşmesi bolup durýar.(M. ü kükürt kislotasynyň önümçiligi ).

Senegatyň   dikeltme   prossesleri   hem   hapalaýjy maddalaryň  emele  geliş  çeşmesidir.  Mysal  hökmünide ammiýagyň,   duz   kislotasynyň,   sulfat   sellýulozanyň önümçiligini  görkezmek  bolar.  Bu  prosseslerde  esasan  hem kükürt wodarod (gidrosulfid) emele gelýär.

Himiki   dargama   we   oruntutma   reaksialary  himiýa senagatynda esasan hem fosfor dökünleriniň, ekstraksion fosfor kislotasynyň  we  ftorwodorod  kislotasynyň  önümçiliginde giňden  peýdalanylýar.  Bu  önümçiliklerde  kalsiý ftoridini kükürt  kislotasy  bilen  dargadanlarynda  ftorwodarod  bölünip çykýar.

Himiýa senagatynda köp ulanylýan fiziki prosesslerden hapalaýjy gazlary emele getirýänleri esasan hem bugartma we distilýasiýadyr.  Bu  proseslerde  köplenç  uglewodorodlaryň zyňylmasy  bolup  geçýär.  Käbir  ýagdaýlarda  distilýasiýa prosessinde  şeýle  gaz  görnüşli  hapalaýjylar,  ýagny  adaty temperaturada  gaty  ýagdaýa  öwrülýän  zyňyndylar emele gelýär.  (M  ü  gurşunyň,  simabyň,  myşýagyň,  we  beýlekileriň oksidleri).  Şeýle  hem  bugartma  prosessleri  erbet  ysly maddalaryň bölünip çykmagynyň çeşmesidir.

Aziza BABAMURADOWA

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
qeuXF5vygM THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÝAGŞYLARDAN HERGIZ ÇYKMAZ ÝAMANLYK

3R44vUhvba THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“BAGT PAYLANSA…”

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop