Dark
Light
04.01.2026
GotRgccVTb e1708341758899 THE ASHGABAT TIMES

GEOINFORMASION SISTEMANYŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞI WE OLARY PEÝDALANMAGYŇ ESASY UGURLARY

15.02.2024

Geoinformasion sistema öz maksady boýunça aşakdaky toparlara bölünýär:

-köp maksatly (meselem, sistemaly monitoringi geçirmek üçin niýetlenen);-problemaly 

–oriýentirlenen (bir görnüşli meseleleri çözmäge niýetlenen);

-dar ýöriteleşen(уçкоспеöиалированный) ýaly bolýarlar.

Edil  şular  ýaly  prinsip  boýunça  GIS-niň  bukjalaryny toparlaşdyrmak mümkindir. Olar aşakdaky tertipde berilýär:

-umumy     maksatly (kesgitlenen  ýöriteleşmeleri  üçin niýetlenmedik giň spektrli GIS);

-problemaly –oriýentirlenen (ylmy häsiýetli, ýörite meseleleri çözmek üçin ulanylýan GIS);

-dar ýöriteleşen (anyk müşderiler üçin niýetlenen, kesgitlenen çäkde dolandyryş meselelerini amala aşyrmak üçin işlenen GIS) ýaly görnüşlere bölünýär.  

Tutýan  meýdany  boýunça  geoinformasion  sistema global (1:1000000  we  ondan  kiçi), regional(1:200000   we   1:100000 masştably  kartalar)  we lokal (1:50000,   1:25000   we   1:10000 masştably kartalar) ýaly görnüşlere bölünýärler.

Şu  günki  güne  çenli  bar  bolan  GIS-niň  bukjalaryny, geografiki  maglumatlaryň  berlişi  boýunça  wektor  we  rastr  ýaly görnüşlere  bölmek  mümkin.  Käbir  has  ösen  sistemalar maglumatlaryň iki görnüşi bilen hem işlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda amaly meseleleri çözmekde, has köpräk ýagdaýda, dogry netijeleri kabul etmek üçin  ýöriteleşen serişdeleriň gerekligi baradaky meseleleri goýýarlar. 

Şular  ýaly  mysallaryň  sanawy  diýseň  köpdür.  Meselem, gurluşyk binalaryny taslamalaşdyranda, gidrotehniki ugrukdyrmagyň (suw  basmanyň  meýdany  we  möçberi)  meseleleri,  adatdan  daşary ýagdaýlaryň  käbir  görnüşleriniň  (opmalary,  güýçli  tupanlary,  ýer titremelerini,  çabgaly  ygallary  we  ş.m.)  ýüze  çykmak  howpuny çaklamak, adamyň daşky gurşawa edýän täsirlerini we tebigatdaky hapalaýjylaryň akkumulirlenmek howpuny  bahalamak, geologiki we gidrogeologiki  häsiýetli  ýagdaýlar  dogrusyndaky  (filtrlemegiň tizligini, aşak düşmegiň çuňlugynyň meýdanyny we ş.m.) mysallary bellemek mümkin. Şonuň bilen birlikde, geoinformasion sistemanyň esasy ulanylýan sferasyny tapawutlandyrmak bolar.

Serdar EREŞOW

Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk 

institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

KERAMIKI KANALIZASIÝATURBASYNYIŞLÄP ÇYKARMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY

XJp05GiQA3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TERBIÝÄNIŇ DÜZGÜNLERI HAKYNDA

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop