Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

KÖŇÜL GÖZGÜSI

16.02.2024

Magtymguly  Pyragynyň  «Kysasy  Rabguzy»  eserini  öwran-öwran  okandygynyň,  ondan  täsirlenendiginiň  aýdyň  mysalyny şahyryň  bu  eserdäki  wakalar  bilen  baglanyşykly  20-30-a  golaý şygyrlar ýazandygy bilen hem esaslandyrsa bolar. Mysal üçin, Ýu-sup kyssasy bilen baglanyşykly şygyrlary  nazara almanyňda hem (bu kyssa barada yzda aýratyn gürrüň ediler), «Ynsan ýaratdy», «Gelende bardyr», «Şalyk bile», «Duman göterler», «Pisat dünýädir», «Arap dilli söwdügim», «Ýerbe ýer geçdi», «Haky çün», «Pelegidir», «Ekip geç   di», «Adam ata bilen duşdy», «Öter bu dünýä», «Çyka bilmez sen», «Aýrylmadymy», «Köp jan çekipdir» we ş.m. şygyrlaryny my-sal getirmek bolar. 

Şahyr  öz  diwanynda  diňe  bir  «Kysasy  Rabguzy»  eserindä-ki  belli-belli  şahslar,  pygamberler,  ýagşyzadalar  hakynda  gürrüň etmän, eýsem kitapdaky Adam atanyň ýaradylyşy, How ene bilen baglanyşykly wakalar hakynda hem birin-birin gürrüň berýär. Muny 

108şahyryň  «Ynsan ýaratdy» atly goşgusynyň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek bolýar:

Bir Allaga aýdaý hamdy-senalar, 

Bir gysym toprakdan ynsan ýaratdy. 

Ten kapasyn kylmak üçin münewwer, 

Jan nurundan şemgy-taban ýaratdy. 

Owwal-a ýaratdy Adam atany, 

Oňa jübüt eýledi Howa enäni, 

Firdöwsi-aglada berdi mekany, 

Oňa duşman melgun-şeýtan ýaratdy.

Şygyrdan görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy şu iki bendiň üsti bilen Adam atanyň ýaradylyşy hakyndaky wakalara okyjynyň ünsüni çekýär. Bu maglumatlar Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» eserinde on bir pasyla bölünip berlipdir we onda Adam ata we How ene bilen baglanyşykly wakalar giňişleýin beýan edilýär2. Şahyr «Ekip geçdi» atly şygrynyň üsti bilen «Kysasy Rabguzy» eseriniň içindäki ýagşyzadalar, pygamberler we olaryň kesp-kärleri bilen baglanyşykly wakalara okyjynyň ünsüni çekýär. Şahyr bu goşgynyň başyny: «Her pygamber bir kesp açdy, Kesbin mydam edip geçdi» diýip başlaýar. Soňra ol: «Öz döwründe Nuh pygamber, Nesjar işin tutup geçdi», «Idris köýnek tikip geçdi», «Hakyň ýolunda Ybraýym, Janyn oda ýakyp geçdi», «Gurt Eýýubyň tenin iýdi», «Hasasyn göterip gola, Musa goýun bakyp geçdi», «Ýunus balygyň garnynda», «Ýusubyň käkilin zarlap, Ýol üstünde Ýakup geçdi», Resululla ol kuraýşdan, Ne jepalar çekip geçdi»3 diýip, «Kysasy Rabguzydaky» wakalar barada çeperleşdirip gysgaça maglumatlar berýär.

Aýnur ANNAÝEWA

Aşgabat şäheriniň mehaniki-tehnologiki

orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b5UFRNpi4f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TERBIÝEÇINIŇ GÜRRÜŇI

t96SnVeaFD THE ASHGABAT TIMES
Next Story

DÖKÜLMELER WE GURUMLAR

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop