Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.
Häzirki zaman çalt özgerýän dünýäde sanlylaşdyrmak öndürijiligi, çeýeligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak bilen her bir üstünlikli guramanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düzüm böleginiň uly ähmiýetine göz ýetirip, USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetini innowasion sanly ukyp-başarnyklar bilen üpjün etmekligi özüne maksat edindi. Forum raýat pudagynda özara sanly gatnaşyklaryň strategiýalaryny, şol sanda sanly ulgamda raýat jemgyýetini özgertmekligiň faktorlaryny we mümkinçiliklerini, sanlylaşdyrmak pudagynda milli hukuk binýadyny, şeýle-de durmuş üpjünçiliginde, saglygy goraýyşda we bilimde sanly tehnologiýalaryň peýdalaryny ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlandy.
USAID Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmetaraplaýyn sanly ykdysady ösüş strategiýasyny goldaýar. Döwlet edaralary bilen raýat ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly USAID raýatlaryň hukuk we sanly ulgam boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrýar we olaryň jemgyýeti ilerletmekdäki orunlaryny has-da güýçlendirýär.
16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan
USAID
HABAR BERÝÄR