ÝEWROPA SAZLAŞYGY” (LE CONCERT EUROPEANS)

12.02.2024

Hakykatdan hem, Wena Kongresinden soň bu Kongrese uly  döwletler  (Russiýa,  Awstriýa,  Prusýa,  Angliýa,  we Fransiýa), XIX asyryň dowamynda duşuşuklar geçiripdirler, bu duşuşyklarahem “Ýewropa Sazlaşygy” diýilipdir.

Waterloo  söweşinden  soň  Awstriýanyň  Premýer Ministri  Metternich,  Ýewropada asudalygy  üpjin  etmek we goraglylygyňesasy  şerti  hökmünde  hökümdarlaryň  bilelikde hereket  etmeleriwe  muny  üpjün  etmek  maksady  bilen  bir mehanizmiň  emele  getirilmeginimakulgörüpdir.  Napoleony ýeňen  “Ýewropa  Sazlaşygy”,  Napoleon  howpy  aradan aýrylandan  soň  hem  barlygyny  dowam  etdirmeli    we  Ýewropanyň  duş  geljekumumy  meseleleriniwe  dawalarynyçözmelidir.  “Ýewropa  Sazlaşygy”nukdaýnazarynyň  durmuşa geçirilmeginiňesasy  ýoly,  wagtal-wagtal ýygnanşylyp,uly döwletleriň wekillerinden emele gelen Kongresler geçirmekdir.

Bu  ýygnanşyklaryňilkinjisi  1818-nji  ýylda  geçirilenAix-la   Chapelle   Kongresidir.  Bu  Kongres,  uly  döwletleriň Ýewropa işlerini maslahatlaşmak ýoly bilen çözüp bilmek üçin, urşy göz öňünde tutmaýan we asuda döwürde geçirilen ilkinji halkara kongresdir. Aslynda, bu Kongres urşuň emelegetiren meseleleriniň çözülmegiüçin geçirilýärdi; şeýle-de  diplomatik merkez  topary, materik meseleleri bu ýerde çözülmelidir.  Bu waka halkara syýasy guramalary emele getirmägetäze bir ädim  bolupdyr.

Aix-la  Chapelleden  soň,  “Ýewropa  Sazlaşygy” sistemasynda ýer alan başga möhüm Kongresler şulardy: 1820-nji  ýyl Troppau, 1821-nji  ýyl  Laibach,  1822-nji  ýyl Verona, 1856-njy ýyl Pariž, 1878-nji ýyl Berlin, 1906-njy ýyl Algesiras we Balkan söweşlerinden soň geçirilen 1912-nji ýylda London we 1913-nji ýyldaky Bucharest Kongresleridir.

XIX asyrda geçirilen bu Kongres we Konferensiýalaryň esasyhäsiýeti“Uly-döwlet  diplomatiýasyny”  görkezýän kongres  we  konferensiýalar  bolmalarydy.  Bu  kongreslerde kararlar,adatça,  kiçi  döwletleriň  hem  gatnaşan  umumy dolandyryş  halyndaky  ýygnaklarda  däl-de,  uly  döwlet wekilleriniň  öz  aralarynda  geçirýän  resmidäl  häsiýetdäki duşuşyklarynda ara alyp maslahatlaşmak arkalykabul edilýärdi we uly döwletler ähli temalarda karar kabul  etmek hukugyna eýediler. 

“Ýewropa Sazlaşygy” Ýewropanyň uly döwletleriniöz içine  alan  aýratyn  duşuşyk häsiýetindedir.  Bu  jemgyýetiň agzalary,  Ýewropa  döwletleriniň  arasyndaky  gatnaşyklary tertipleşdirme  wezipesini  özleri  üçin  bir  hukuk  hökmünde görýärdiler. Bu sebäpli, “Ýewropa Sazlaşygy” hakykatda “uly döwletleriň sazlaşygyndan” başga bir zat däldi.

Kongresler  sistemasy,  Ýewropanyň  uly  döwletleriniň wagtal-wagtal  bir  ýere  ýygnanyp,  öz  aralaryndaky  umumy meselelerini çözenwe  sebitde güýç deňagramlylygyny üpjün edendöwri  üstünlik  gazanypdyr  we  parahatçylygyň goranmasyna  uly  goşant  goşupdyr.  Meselem,  şular  ýaly kongreslerde  gulçulygyň  ýok  edilmegi,Tunada  gämiçilgiň emele    gelmegiwe  häkimlik  ýaly  meseleleriara    alyp maslahatlaşypdyrlar.  Ýöne  bu  sistema    ynamlyBirleşik maksatlaryna  hyzmat  edişi  ýaly  Ýewropada  rahatlygy  we abadançylygy  bozujy  bir  element  bolupdyr.    “Ýewropa Sazlaşygy”,  gitdigiçe  rewolýusiýa  garşy  bir  gala  görnüşine öwrülipdir  we  döwletleriň  içeri  işlerine  goşulmak  üçin  bir sebäp  bolup  ulanylmaga  başlanypdyr.  Şeýlelikde,  bu sistemanyň  hem  başdaky,ýagny  döredilme  maksady üýtgedilipdir.

Süleýman AMANOW

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:03 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

PUDAKLAÝYN DOLANDYRYŞ MESELELERI ÇÖZMEK ÜÇIN ULANYLÝAN PROGRAMMA SERIŞDELERI

Next Story

BINAGÄR, DIZAÝNÇY WE BEZEGÇI. OLARYŇ TAPAWUDY NÄMEDE?

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop