yylyn goreldeli okyjysy THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň – göreldeli okyjysy

22.02.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Täze zaman Medeniýet öýünde kitaphana şahamçalarynyň arasynda kitaphana gelýän okyjylaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüni artdyrmak maksady bilen «Ýylyň – göreldeli okyjysy» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, olaryň okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik emin agzalar tarapyndan bäsdeşlere adalatly baha berildi. Şeýlelik-de bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara emin agzalar tarapyndan sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRLIGI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2311161701044325 big THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2024-nji ýylyň 23— 25-nji fewral aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

aDn4hVFYd8UCR5wl4kKalg9QwsVPeYwMhJ6K8hir61stiker5S3F24qEgFXK THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen zenanlarynyň asyllylygy, edep-ekramy şahyryň goşgularynda

Soňkylar Habar

GitTop