interesnye fakty o lesah i derevyah THE ASHGABAT TIMES

AGAÇLAR HAKYNDAKY TÄSINLIKLER

26.03.2024

Baraziliýada Copaiera Langsdorii atlandyrylýan agaç ösüp, onuň çykarýan suwuklygyny dizel ýangyjy hökmünde ulanmak bolýar. Bu agaç her ýylda 40-50 litre çenli dizel ýangyjyny berip bilýär.

Iň uly ýaşly agaç Kaliforniýada ösýän Mafusail atly agaç bolup, alymlaryň hasaplamalaryna görä onuň ýaşy 5000 ýyla barabardyr.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä bir sany uly agaçdan 150 müňden gowrak galam taýýarlap bolýar.

Aziýa tokaýlyklarynda tegelek ýapraklylar maşgalasyna degişli bolan ýyrtyjy agaç ýaşaýar. Ol agaç gemrijileri, gurbagalary hatda guşlary hem iýip, siňdirip bilýär.

Amazonkanyň suw örtükleriniň üstünde tegelek ýapraklylara degişli bolan Wiktoriýa atly geň galdyryjy agaçlar ösýär. Olaryň ýapraklarynyň diametri 3 metre çenli bolup, 30 kg çenli agramy göterip bilýärler. Bu gajyň ýapragyna çagalar hiç zatdan gorkmazdan arkaýyn münüp bilerler.

Bambuk agajy dünýädäki iň çalt ösýän agaç hasaplanylýar. Örän geň galdyryjy bolsa hem, ol bir gije-gündiziň dowamynda bir metre çenli ösüp bilýärler.

Dünýädäki iň gadymy ösümlikler deňiz ösümlikleri hasaplanylýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä olar bir milliard ýyldan bäri ýaşaýarlar.

Beýik italýan alymy Leonardo da Winçi örän geň galdyryjy bir düzgüni öňe sürüpdir. Onuň aýtmagyna görä islendik her bir agajyň sütüniniň diametriniň kwadraty, şol agajyň belli bir beýiklikdäki şahalarynyň diametrleriniň kwadratlarynyň jemine deňdir. Häzirki döwürde bu pikir alymlar tarapyndan barlanyp görülipdir hem-de bu aýdylandaky kwadrat derejäniň hemişe kwadratlygyna galman, 1,8-den 2,3 aralygynda üýtgeýändigi subut edilipdir.

Afrikada ösýän baobab agajynyň diametri 50 metre çenli ýetip, boýy 25 metre çenli baryp ýetýär. Bu geň galdyryjy agaçlar 1000-den 6000 ýyla çenli ýaşap bilýärler.

Seratoniýa atly agajy 0,2 grama barabar bolan deň meňzeşlikdäki we agramadaky tohumlary çykarypdyr. Gadymy döwürde bu agajyň tohumlarynyň hemmesiniň standart deň bolanlygy üçin altyn-kümüş bezeg işlerinde onuň tohumynyň agramyny altyn ölçeginiň etalon birligi hökmünde peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda şol agramdaky altynyň ölçegine karat diýip atlandyrýarlar.

Braziliýada “süýtli emzik” diýip atlandyrylýan geň galdyryjy agaç ösýär. Eger onuň sütünini kesseň, onuň gabygynyň aşagyndan ösümlik süýdi akyp başlaýar. Ol bir gezekde 3-litre çenli süýt berip bilýär. Onuň süýdini iýmitlik maksatlary üçin öňünden gyzdyryp we bişirip peýdalanyp bolýar.

Agaçlar ýer şarynyň gury böleginiň takmynan üç essesini tutýar.

Dünýäniň ähli agajynyň diňe ýedi göteriminiň adam tarapyndan ekilendigini bilmek has geň galdyryjydyr.

21 asyryň başynda adamzat ýer şarynda bar bolan ähli agajyň ýaryny ýok edendir.

Bir albom listini taýýarlamak üçin 15-20 gram agaç materialy harç bolýar.

Sibiriň (Russiýa) üçden iki bölegini tokaý tutýar.

Russiýada ösýän Şmidtiň berýozasy şeýle gaty bolup, ony hatda palta bilen çapyp hem bolmaýar.

Amerikada dünýädäki iň beýik agaç ösüp, onuň boýy 115 metre çenli ýetýär.

Her ýylda ýer şary 100 million agaçdan mahrum bolýar.

Tokaýda bolan mahaly adamyň dem alyşy rahatlanýar. Şeýle-de pulsynyň uryşy minutda 15-20 gezege çenli artýar.

Agajyň iň az ösýän ýurdy Beýik britaniýa bolup, onuň bary-ýogy 6% agaç tokaýlaryndan ybaratdyr.

Kaliningradyň (Russiýa) töwereginde “Serhoş tokaý” diýilip atlandyrylýan tokaý bolup, ondaky sosna agaçlary düşündirilip bolmaýan sebäplere görä egrem bugram bolup ösendirler.

Dub agajynyň köki bir ýylda bir metre çenli ösýär.

Ortaça bir gaç her ýylda 100 m3 kislorod öndürýär.

80 kg ulanylan kagyzy gaýta işlemek bir agajyň çapylmagyny halas edýär.

1000 sany agaçdan 4000 tonna kagyz öndürilýär.

Finlýandiýanyň 70% ýerini tokaý tutýandyr. Ol Ýewropanyň iň tokaýa baý döwletidir.

Dünýäniň her bir adamyna ortaça 60 agaç düşýändir.

Ejegül ATABAÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:40 am, Jan 19, 2025
temperature icon 3°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 82%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:14 pm
7c92a63c75ae6128136733dac734759e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

21 sany söwda geleşikleri hasaba alyndy

cegvnukgsimgkiwzbcma4heiujlidtf71yon4jweqazh7a8rcj5rqmwnq1on THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tut agajynyň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop