Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň ýokary – Gran-pri baýragyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy.
Birinji orunlaryň ikisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi.
Ikinji orunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary eýelediler.
Ýurduň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji orunlaryň eýelediler.
Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn IT-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryna baha bermäge hem-de «CyberQuest» talyplar üçin öz mümkinçiliklerini açmaga, toparda işlemek başarnyklaryny görkezmäge hem-de IT ulgamynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.
«CyberQuest» hakatonyň ýeňijilerini yglan etdi
Soňkylar Habar
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny halas etdiler
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan “Rona” atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi
Düýn, 14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça duşuşyk geçirdi
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu şu gün Aşgabada gelip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Söwda we dokma senagaty boýunça orunbasary
Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Duşuşygyň