Dark
Light
03.01.2026
csm schottergarten 5d7eb5f7a9 THE ASHGABAT TIMES

Daş örüminiň tilsimaty we guramaçylygy

26.03.2024

Daş örümi üçin erginler

Ergin garyndysynyň tutuşmasy we gatamagy netijesinde alynýan emeli daşa gurluşyk erginleri diýilýär. Olar baglaşdyryjydan, suwdan we ownuk goşundydan durýarlar. Gurluşyk erginleri daş örüminde ýeke-ýekeden we tutuş tokgalygyna materiallardan doldurmaga niýetlenilen.

Dürli görnüşli daş işleri üçin erginiň nyşany, görnüşi we düzümi onuň berkligine, konstruksiýanyň häsiýetine, şeýle hem peýdalanylyş şertleriniň talabyna görä goýulýar.

Hek erginleri daş örümleri üçin gury ýerlerde ýükgöterijiligi uly bolmadyk daş konstruksiýalarynyň örümlerinde ulanylýar. Bu ergin-leriň hereketleniş, maýyşgak we öndürijilik zähmeti örän ýokary.

Çylşyrymly ýa-da garymly erginler (sement-hekli ya-da sement toýunly) adaty berk konstruksiýalarda we çyglyk ýerlerde ulanylýar.

Sement erginleri (birneme toýun ýa-da hek goşulmaly) agyr ýük göterýän daş örüm konstruksiýalarynda ulanylýar.

Daş örümleri üçin ulanylýan erginleriň berklik (kg/sm2) nyşan-lary şular: 4, 10, 25, 50, 75, 100, 150, 200 we 300. Erginiň süýşmesini oňa ölçege laýyk (standart) konusy çümdürip kesgitleýärler we şu ululyklary kabul edýärler:

  • but örümi üçin “pilaşagy” (“podlopatki”) – 4÷6 sm;
  • sarsgynlandyrylan – 2÷3 sm; guýulma aşagy – 13÷15 sm;
  • ýönekeý kerpiçden örüm üçin – 9÷13 sm;
  • köpdeşikli we içi boşlukly kerpiçlerden örüm üçin – 7÷8 sm;
  • dogry formaly tebigy daşlardan – 7÷12 sm;

Erginiň süýşmegini we suwaýyş ukybyny ýokarlandyrmak üçin onuň içine organiki däl (hek ýa-da toýun) ýa-da organiki (sabyn-nafty we baş.) ýumşaklandyryjy (plastifikator) jisim goşýarlar. Daş örümini boşlugyna we erginiň örümde artykmajyyny aýyrmak bilen alyp barýarlar. Haçan-da daşky diwaryň suwagyny göz öňünde tu-tanlarynda örüm suwagyň gatlagy bilen oňat tutluşmagy üçin örümiň üstüniň ýüzündäki bogunlary 0,9÷1,45 sm çuňlugyna ergin bilen dol-durmaýarlar we örümi boşlugyna alyp barýarlar. Eger-de jaýyň daşky tarapy abatlanylmaly ýa-da owadanlanmaly bolsa, onda oňa dürli gör-nüşi, ýagny gönüburçly, daşyna gaňrylan, üçburçly we ş.m. görnüşleri berip bolýar. Onda bular ýaly örüme bogun aralygyny birikdirme aşagy(“podrasşiwka”) diýlip aýdylýar.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oraza THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mukaddes Oraza aýynyň ýylda iki gezek gabat gelmegi

1 667 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Önümçilik işleriniň proýektirlenşi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop