Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr.
Nowruz baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türki halklarynyň arasynda «Newruz», «Nawruz», «Nowruz», «Soltany Nowruz», «Nawrez», «Newris», «Naorus», «Ulusun», «Ulu Gün», «Altaý Ködürgeni», «Ýeni Gün», «Bahar baýram», «Ýörük baýramy», «Ilkýaz ýortusu» ady bilen taryhyň uzak geçmişinden şu çünlere çenli halklaryň arasynda ýaşap gelýän iň gadymy, gadymylygy bilen birlikde her il-günümiz bilen bellenilýän nowjuwan baýramlaryň biridir.
Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty günlerden gowy habar berýän baýram. “Nowruz” (now-täze, ruz-gün) pars sözi bolup, “täze gün”, “täze ýyl” diýen manyny berýär. Nowruz-janlanyşyň, oýanyşyň baýramy. Bu baýramyň gelip çykyş taryhyny öwerenmekde taryhy we gadymy çeşmeleriň biri hem Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwanu lugat-it türk» – «Türki dilleriň diwany» kitabydyr. Bu kitapda türki halklaryň taryhy, medeni mirasy, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur kökleri we Nowruz baýramy hakynda hem gymmatly maglumatlara duş gelýäris. Mahmyt Kaşgarlynyň maglumatyna görä, gadymyýetde türki halklary ýylyň başlangyjy Nowruzdan soňraky ýaz aýlaryny oglak aý, ulug oglak aý, ulug aý atlandyrypdyrlar.
“Awestada” gadymy Nowruz baýramy dini ynançly dessur hökmünde öz beýanyny tapypdyr. Gündogaryň meşhur alymy Abu Reýhan Biruny « Gadymky halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde Horezm patyşalary Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýmini geýdirip, dürli naharlaryň bişirilip, myhmanlaryň kabul edilendigi barada gyzykly maglumatlar berýär.
Omar Haýýamyň «Nowruznama» kitaby bu baýram hakynda ýazylan işleriň iň ähmiýetlisidir. Omar Haýýam bu eserinde gije-gündiziň deňleşýän wagtyny anyklaýar, şeýle hem astronomiýany we astrologiýany bütewi şekilde bölýär. Nowruz baýramy barada Abu Bekr Suly Şatranjyň «Kitab al-awrak fi ahbar al-abbasi we aşrahim» («Apbasly halypalary we olaryň şygyrlary hakda maglumat berýän sahypalardan düzülen kitap») kitabynda, Abylkasym Firdöwsiniň «Şanama» poemasynda, Alyşir Nowaýynyň «Haýrat ul-abror», «Saddi Iskenderiý»,«Leýli we Mejnun» dessanlarynda, Möwlana Jelaleddin Rumy, Fahreddin Gürgenli, Zahyreddin Muhammet Babyr, Baýram han, Abdyrahym han, Muhammet Fizuly, Sagdy Şirazy, Hapyz Şirazy, , Abdyrahman Jamy, Soltansöýün Baýgara, Ýunus Emre, Mähri Hatyn, Burhaneddin Siwasly, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Mollanepes we başgada söz ussatlarynyň «Diwanlarynda», alymlaryň hem-de taryhçylaryň çeşmelerinde gymmatly maglumatlar berilýär.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy “Duman peýda” atly goşgusynda:
Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik gyýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanata hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Nowruz baýramynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyp, ýaşaýşyň ýaşyl reňkine öwrülişi, gögermedik gyýalaryň gögerip, janlanyp başlaýanlygyny çeper wasp edýär.
Alyşir Nowaýynyň gazallarynyň birinde:
Wesl ara gördüm, deň emiş boýydyr saçy,
Gije-gündiz deň eken, zahyr olur boldy çu Nowruz.
Bu setirlerinde «Wysala ýetensoň, gördüm, söýgülimiň boýy bilen uzyn saçy Nowruzdaky gije bilen gündiz ýaly deň eken» diýip, Nowruzda gije bilen gündiziň deňleşýänligini, şol günden başlap gyşda dynjyny alan toprak oýanyp başlaýar, daragtlar gyş ukusyndan oýanýar. Topragyň üsti bugaryp ýaşyl öwüsse, daragtlaryň şahalary hem ýaşyl reňki, ýaşlygyň, ýaşaýşyň reňkini saýlap alýar. Halyl Kulyýew “Bahar buşlukçysy” goşgusynda bolsa:
Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
– şahyr baharyň buşlukçysy Nowruzyň gelýänligini ýatlaýar.
Müňýyllyklaryň dowamynda döredilen bu taryhy we edebi eserler Nowruz baýramynyň döreýiş taryhynyň has gadymydygyna, asyrlaryň dowamynda örän zehinli, dörediji halklar tarapyndan bu baýramçylygyň kämilleşdirilip gelnendigine şaýatlyk edýär. Nowruz baýramçylygynyň döreýşi bilen baglanyşykly ençeme maglumatlar, rowaýatlar bar. Nowruz baýramy Gündogar ýurtlarynyň hasaby boýunça täze ýyl çalşygy, täze ýyl çalşygynyň ilkinji güni, täze gün ýazyň gelmegi bilen bellenýän ajaýyp baýram. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-sy tarapyndan 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi. Bu baýram halklaryň arasynda parahatçylygy, ynsanperwerlik, dost-doganlyk gatnaşygyny berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenýär. Goý, Nowruz baýramy türkmen halkyna rysgal, bagt, agzybirlik, jebislik, ýagty ertiri, geljegi bagş etsin!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirmek, pederlerimiziň halallyk ýörelgelerine ygrarly, päk ahlakly, ylymlybilimli, kämil nesilleri kemala getirmekde nusgalyk işleri amala aşyrýar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Seýýara SAPAROWA
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy,
uniwersitetiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy