original 16314e429cd96c THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki adyl syýasatlary gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär

20.03.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi ýatdan çykmajak şatlykly wakalar bilen ýaşaýan türkmen halky ýagty geljege sary ynamly öňe barýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem, ýurtda ileri tutulýan ulgamlaryň biri hökmünde, öz ösüş ýolunyň täze sahypalaryny açýar.  Çünki,  Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki, bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki adyl syýasatlary gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. Döwlet býujetiniň 70 göteriminden gowragynyň durmuş üpjünçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň özi hem, diýarymyzda adama goýulýan sarpanyň ähli zatdan ileridigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda täze çagalar baglarynyň, mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriň gurulmagy, bar bolanlaryň durkunyň täzelenmegi, täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ýaly işler yzygiderli alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda täze 3 sany ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumy, ýene 1 ýokary okuw mekdebiň goşmaça okuw binasydyr sport toplumynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. 

Bu işleriň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarnyň daşary ýurtlara iş saparyna gidip, tejribe hem-de amaly sapaklarda gerek bolan tejribe enjamlary hem-de gurluşlary bilen içgin tanşyp gelmeklerini görkezmek bolar. Ýeri gelende belläp geçsek, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary hem şeýle iş saparyna taýýarlyk görýärler.

Täze açyljak okuw binalary üçin iň täze hem-de iň kuwwatly tejribe enjamlary sargyt etmek, olary okuw otaglaryndan gurnamak, ornaşdyrmak talyp ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegine , nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmeklerine uly ýardam berer.

Maksat ÖWEZJANOW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
64059b4502a80 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MAGTYMGULY PYRAGY UMUMYADAMZAT ŞAHYRY

vrach rasskazala chem opasno spat na zhivote 16587588952011736381 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garnyňyzda ýatmagyň nähili zyýanlygy mälim edildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop