ba5500979da031da6cd843bfeb71105e THE ASHGABAT TIMES

Iňlis dilini okatmagyň başlangyç tapgyrynda

19.03.2024

Bu döwürde iňlis diliniň harplaryny öwretmek aýratyn mana eýedir. Sebäbi iňlis diliniň harplaryny elipbiýdäki ýaly aýtmak bogunlarda, sözlerde aýdylyşyndan düýpgöter tapawutlydyr. Şonuň üçin hem çagalara harp lar diňe bir ýazuw we okuw işlerinde ulanylyşy däl-de, eýsem elipbiýde aýdylyşy ýaly hem öwredilmelidir. Şeýlelikde, çagalara iňlis diliniň harplary elipbiýde atlandyrylyşy ýaly öwredilýär. Ilki bilen çagalara iňlis elipbiýi barada umumy düşünje bermek zerurdyr, elipbiý ýat tutdurylanda, ony dört topara we ýedi setire bölüp, ýagny aşakdaky görnüşde öwretmek maslahat berilýär.

  1. ́ei ́bi: ́si: ́di: ́i: ́ef ́dзi: ́eit∫
  2. ́ai ́dзei ́kei ́el ́em ́en ́ou ́pi:
  3. ́kju: ́ar ́es ́ti:
  4. ́ju: ́vi: ́d blju ́eks ́wai ́zed

Okuwçylara iňlis diliniň elipbiýi öwredilende “ABC” aýdymyny öwretmeklik maslahat berilýär.

Harplar ýazylan diwarlyk, has dogrusy, iki diwarlyk, birinde harplaryň basma görnüşi, beýlekisinde hem harplaryň golýazma görnüşi bolup, elipbiý öwredilende mugallymyň esasy görkezme es-baby bolmaly. Mugallym harplary görkeziji taýajyklar bilen görkezip atlandyrmaly. [ei], [i:], [ai], [ou], [ju:], [wai] harplaryň çekimli we beýleki harplaryň çekimsizdigi hakyndaky düşünjeleri okuwçylaryňaňyna berk ornaşdyrmaly. Muny aşakdaky ýaly görnüşde aýtmak hem bolar.

This is a and this e. This is c and this is s.
This is I and this y. This is j and this is g.
This is u and this w. This k and this q.

Okatmagyň usullarynyň örän köpdürlüligi hakynda biz hemişe belleýäris, emma sözleýiş dili ösdürilende bu meselä aýratyn üns ber-mek has zerurdyr. Çekimsiz sesleri uzyn [i:] bilen aýdylýan b, c, d, g, p, t, v hem-de [e] sesi bilen aýdylýan f, l, m, n, s, x,şonuň ýaly-da [ei] sesi bilen aýdylýan j we k harplary, hersi aýratyn atlandyrylýan h, q, r w ýaly toparlara bölüp öwretmek amatlydyr.

Oguljemal GÖKIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
img 6937 kopiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Täze Aý” kärhanalar topary 20 ýyllyk toýuny bu gün Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň sergi zalynda toýlaýar

energy image THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“TÜRKMENISTANYŇ ELEKTROENERGETIKA KUWWATY” atly kitabynyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop