protein THE ASHGABAT TIMES

Janly organizmde proteinleriñ orny we ýerine ýetirýän funksiýalary

13.03.2024

Proteinler (protos-grek sözi bolup, ol ilkinji, möhüm diýen manyny añladýar) -ösümlikleriñ, haýwanlaryñ we mikroorganizmleriñ iñ zerur, gerekli komponentidir. Proteinler ähli organizmleriñ öýjüklerindäki protoplazmanyñ esasy bölegi bolup,ýaşaýşa işjeñlik prosessinde uly orny bar. Olar janly organizmiñ süñk dokumalaryny, saçlaryny (ýüñlerini), şahalaryny we beýleki skelet böleklerini emele getirmekde esasy maddadyr. Galyberse-de proteinler öýjük ýadrosyny, hromosomlary, mitohondriýany, ribosomlary, plastidleri emele getirmäge hem gatnaşýarlar. Şeýle-hem, poteinler, öýjük arhitekturasyny, katalizi, metabolizmi sazlamagy we organizmleri kesel dörediji agentlerden goramaklygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Umuman protein bolmadyk ýerde ýaşaýşy göz öñüne getirmek mümkin däldir. Şoña görä, F.Engels proteinlere şeýle kesgitleme beripdir: -ýaşaýşyñ özeni protein maddalarynyñ barlygyndadyr.

-Bize duş gelýän ýaşaýşyñ bar bolan ähli ýeri, haýsydyr bir protein maddasy bilen baglanşyklydyr,protein maddasynyñ bar bolanýerinde (çüýremek prosessinden başga), biz elmydama ýaşaýyş hadysasyna duş gelýäris. F. Engelsiñ bu kesgitlemesi häzirki wagta öz ähmiýetini ýitiren däldir.

Proteinler strukturasy boýunça dürli-dürli bolup, olar köp sanly funksiýalary ýerine ýetirýärler:

1. Proteinleriñ köpüsi öýjük substratlaryny emele getirmäge gatnaşýarlar. Şoña görä, bu proteinler plastiki häsiýeti ýüze çykarýarlar.

2.Birnäçe proteinler organizmde, ýaşaýşa işjeñlik prosessiniñ esasy bolan maddalaryñ himiki öwrülişmelerini tizleşdirmegi üpjün edýän organiki katalizatorlaryñ rolyny ýerine ýetirýärler. Şeýle protein görnüşli katalizatorlara fermentler diýilýär.

3. Proteinleriñ belli bir topara janly organizmiñ kesel döredýän mikroorganizmlere garşy goranmak ukybyny üpjün edýär. Mysal üçin, organizm ýaralananynda ganyñ adatdan daşary köp ýitirilmezligini goraýan, gan uýamak prosessi, gan proteiniñ fibrinogene öwrülmegine easalanandyr. Bu öwrülişme trombin proteininiñ we başga-da uýamak faktorlaryny goldaýan birnäçe proteinleriñ gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Gyzylödegiñ we aşgazanyñ içki diwarlaryny goraýjy şire proteini musin bilen örtülendir. Haýwanlaryñ bedeniniñ deri gatlagyny daşky gurşawyñ täsirinden kollagen proteini, tüý örtügini bolsa keratin proteini goraýandyr.

Jemal ÝOLDAŞOWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:43 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
ipek bocegi yuek gurcugy silk resized 64381 ea75b87c1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tut ýüpek gurçugynyň pilesiniň görnüşleri

6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop