Dark
Light
24.01.2026
download 5 THE ASHGABAT TIMES

Nädogry hereketleriň oňurgaňa berýan şikesi

11.03.2024

Köp wagtlap kompýuteriň öňünde otyrmak diňe göz görüşine täsir etmeýär. Şeýlelikde iş ýeriňde (kompýuteriň öňünde) nädogry pozisiýada oturmak – bu oňurga keseliniň ösüşiniň esasy sebäbidir.

Oňurga keseliniň çaga mirasyna täsir edýän gynandyryjy statistikasy bardyr, çünki takyk çagalykdan oňurga keseli meselesi ýüze çykyp başlan bolsa, eger-de muny watynda üns bermän we bejergi almasaň soňlugy bilen örän agyr bozulmalara getirip biler.  Takmynan 70% çagalarda duruş (osanka) bozulmasy, a 10%-nde bolsa – skolioz ýa-da oňurganyň gapdal gyşarmasy bar [4]. Meniň okan orta mekdebimde 2014-nji ýylda geçirilen lukmançylyk gözden geçirilşinde 10 ýaşdan 16 ýaşa çenli okuwçylaryň 80-85%-nde  haýsyda bolsa duruş (osanka) bozulmasy, a 20% ýetginjeklerde skolioz  bar.

Haçan-da biz kompýuterde işlänimizde biz rahat ýagdaýda oturýarys we ol netijede mejbury we ýakymsyz bolýar. Bu bolsa duruş (osankanyň) ýa-da oňurganyň gyşarmasyna sebäp bolup biler. Köplenç halatda bu kesele oňurgasynyň gyşyklygy skolioz görnüşinde geçýän, ýagny oňurga sütüni gapdala gyşaran çagalar degişlidir.

Muskul ulgamy bilen bagly keseliň öňüni almak üçin ýönekeý düzgünleri ýerine ýetirmelidir: dogry oturmaly, arkaňy göni saklamaly, gapdal egniňi kompýuteriň ekranyna aýlamaly.

Aýaklaryňyzy bir-biriniň üstüne goýmaň, iki aýagyňyzy hem ýere ýa-da pugta aşak goýuň. Biliň ýeňiljek egrelen we oturgyjyň arkasynda ýerleşmeli. Eginleriňiz rahat, elleriňiz  stoluň ýa-da syçanjygyň üstünde goýmaly, barmaklaryňyz berk ýagdaýda bolmaly däl. Tirsekleriňiz eplenen we takmynan gapdal egniňden 3 sm-da ýerleşmeli. Kelläňi sähelçe eňňit bilen, islegiňe görä göni saklamaly. Eger-de ähli sanalyp geçilen kadalary 3 aý töweregi berjaý etseň, onda geljekde stolda dogry oturmak peýdaly endikleri ýüze çykar.

Şeýle hem oňaýsyz oturmagyň täsirini, kompýuter bilen işläniňde agramy azaltmak üçin bedeniň dürs ýagdaýda galmagyna kömek eder ýaly mebeli dogry saýlamalydyr.

Kreslo tigirjekli we oturgyjyň beýikligi dolandyrylýan hem-de arkalygy bolan, tirsek diregi öz okunyň daşyndan aýlanýan bolmaly däldir. Stolda klawiatura üçin ýörite çekilip çykýan tagta bölejigi bolmaly.

Arzygül SEÝITBERDIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1932059726 0 57 2784 1623 1920x0 80 0 0 0eb06f15541ebbc1efa6115b8a20384a THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Asif Ali Zardari Päkistanyň Prezidenti wezipesine ikinji möhlete saýlandy

i stock 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar hapa howanyň beýna erwet täsir edýändigini anykladylar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop