Dark
Light
03.01.2026
U8fVJxIXz7aBZglllzCek1W5kqCo6I 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Suw hojalyk kärhanalarynyň önümçilik işlerini seljermek üçin ulanylýan usullar

05.03.2024

Suw hojalyk kärhanalarynyň önümçilik işleri örän kyn hem-de çyl-şyrymly şertlerde geçirilýär. Bu ýagdaý önümçilikde biri-birine meň-zemeýän işleri geçirmegi talap edýär. Şonuň üçin önümçiligiň ahyrky netijesine täsir edýän zatlary kesgitlemek maksady bilen köp sanly ylmy usullary ulanmaly bolýar. Olaryň käbirleri şu aşakdakylardyr:

a) Önümçiligiň görkezijilerini seljeriji tablisalary arkaly deňeşdirmek.
Bu iň köp ulanylýan usuldyr. Ol, esasan, meýilnama boýunça edilmeli işleri hakyky edilen işler bilen deňeşdirmek, ýerine ýetirilen işleriň möçberini hem-de käbir ykdysady görkezijileri ýyllar boýunça deňeşdirmek üçin ulanylýar.

b) Sanlaryň ortaça görkezijisini (ululygyny) kesgitlemek.
Bu usul önümçiligiň bir häsiýetli hadysalarynyň ortaça görkezi-jisini kesgitlemek üçin ulanylýar. Mysal üçin, işçileriň ortaça aýlyk ýa-da ýyllyk zähmet haklary, zähmet öndürijiliginiň ortaça görkezijisi we ş.m.

ç) çalşyrylyp ulanylýan usul. Ol bir ykdysady hadysanyň kär-hananyň önümçilik hojalyk işleriniň ahyrky netijesine edýän täsirini kesgitlemek üçin ulanylýar. Usulda täsir edýän ykdysady hadysalar yzygiderlilikde biri-biri bilen çalşyrylyp öwrenilýär, ýagny bir hady-sanyň täsirini kesgitlenenden soňra ol üýtgewsiz goýlup, beýleki täsir edýän hadysa öwrenilýär. Şeýlelikde, önümçiligiň ahyrky netijesinde täsir edýän hadysalaryň hemmesi seljerilýär.

d) Indeksler – bu usul önümçilikdäki çylşyrymly alamatlary öwrenmek üçin ulanylýar. Indeksler esasy hem-de tirkeşikli indeksle-re bölünýär.

Indeksiň birinji görnüşi dürli ýyllardaky maglumatlar esasy ýyl bilen deňeşdirmek üçin ulanylýar.

Indeksiň ikinji görnüşi dürli ýyllardaky maglumatlar yzygiderli gezekme-gezek çalşyrylyp deňeşdirilýär.

Önümçilige täsir edýän zatlaryň yzygiderli öwrenilmegi olaryň her biriniň önümçiliginiň netijesine edýän täsirini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin, ilki bilen, önümçiligiň möçberini görkez ýän maglumatlar toplanylýar.

Äşe AŞYROWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

akyldar sahyryn doredijilik alemi 06rXchMrOB THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MAGTYMGULY-SÖZ SUNGATYNYŇ USSADY

03052024 1 USEMBASSY PRESS RELEASE ATCH 1 5 копия THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY WE YKDYSATÇYLAR BIRLEŞMESI TÜRKMENİSTANDA “ZENAN TELEKEÇILER AKADEMİÝASYNY” BAŞLADÝARLAR

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop