TÖREBEG HANYMYŇ GALASY

12.03.2024

Gadym zamanda bir patyşa bar eken.Maly-dünýäsi köp, hökmi zor patyşanyň dünýäde armany ýok eken. Keýpi-sapada, toýdur-şagalaňda bolup ellä ýetenini bilmändir. Görse, bu dünýäden biperzent ötüp barýar. Patyşa öwlüýälere ýykyldy, keramatly ýerlere zyýarat etdi. Alladan perzent diledi.

Ahyry patyşanyň nalyşy kabul boldy. Kiçi aýaly hamyla bolup, dokuz aý, dokuz gün diýende bir aý dek gyzy dünýä indi. Patyşa ogly bolan dek, çar tarapa toý çakylygyny iberdi. Kyrk gün toý berdi. Baý diýme, garyp diýme dürli tagamlary orta dökdi. Kyrk bagşyny kyrk ýerde goýup, dessan aýtdyrdy. «Gyzyň ogul ýerinde bolsun, töre ýerinde otursyn»diýip, adyny Törebeg goýdular.

Patyşa gaýtadan çar tarapa atly iberip, eneke ýygnady. Ýedi yklymy, ýetmiş iki dili bilýän messan kempir dek bir garryny baş eneke etdi. Çarbagly, çar howuzly bagyň içinde Törebeg üçin köşk saldyrdy. Törebeg zeminde ylym bolsa öwrendi, porhanlyk, jadygöýlük, edep-terbiýe, saz,garaz, Törebeg aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar akylly, dana gyz bolup ýetişdi. Saýlama leşgerbaşylar, hokgabazlar, çaparmanlar, atarmanlar harby tilsimi öwretdiler.

Terbiýeden, harby düzgünden başga zady görmedik gyz kem-kemden tekepbir bolupdyr.

Gün yzyndan gün geçipdir. Äre çykaýyn diýse tagtda oturan patyşa, patyşa ýigit gerek. Bu jelagaýda onuň ýaly patyşa ýigit ýokmuş. Wezir-wekiller, dana gojalar:«Patyşa gyza patyşa hünärli ýigit bolsa-da bolýar»diýipdirler. Törebeg gurra taşladyp, pal atdyrypdyr. Ynsaplysy:

— Eý patyşaýym, bize görünýän alamat müjerretlik. Siz bu dünýäde ýeke ötüp, o dünýäde jübüt bolarsyňyz —diýipdir.

Kim şeýle diýse,kellesi bilen hoşlaşypdyr. Görseler, patyşa gyz dogry aýdany o dünýä ugradypdyr. Olaryň galany:

— Patyşaýym, ýigit saýlajak bolsaň jar çekdir. Mimar men diýeni ýygnansyn. Kim oňat köşk salyp berse, şoňa bar —diýipdirler.

Törebeg:

—Dogry aýtdyňyz. Dädemmaňa bir köşk salyp berdi, çar howuzly. Goý, maňa är boljak mimar kyrk howuzly, kyrk eýwanly köşk salyp bersin. Daş-töweregi gyşy-ýazy gül öwsüp durýan bolsun —diýipdir.

Törebegiň şertini çar tarapa ýaýradypdyrlar. Alla tarapyn, patyşalygyndan, Törebegiň tekepbirliginden ätiýaç eden ýigitler gyzyň şertini bitirmäge döwtalap bolmandyrlar.

örebegiň patyşalyk sürýän ýurdunyň çetinde bir mimar bar eken. Bu mimar ýigidiň eli gül eken. Onuň salan galalary, köşkleri, minaralary gün bilen çakyşyp, şöhle saçýarmyş. Şol ýigit bir güni «Ýa, Alla!»diýip, Törebegiň ýanyna barypdyr. Görse,syrdam endamly ýigit. Törebeg:

— Sal köşgüňi, göreli. Göwnüme ýarasa bararyn, ýaramasa kelläň alnar —diýipdir.

Mimar ussalar bilen bir ymarat bina edipdir. Diwarly,perdozly, nagyşlary ýylanyň agzyndan çykan ýalymyş. Törebeg ymaraty synlap «bolanok»diýenmiş. Ýigit ýene bir ymarat salypdyr, içinde saz eşidilip duranmyş. Törebeg muňa hem «bolanok»diýenmiş. Mimar ýigit ahyry üçünji ymaraty başlapdyr. Laýyny süýde ýugrup, otdabişirip bir köşk salanmyş. Muny görenem, görmedigem armandamyş. Ýigit köşgüň gupbasyny oturdyp, Törebegi çagyrypdyr. Törebeg köşgi görüp, haýran galypdyr. Köşk janly ýalymyş, dürli öwsüp, şöhle saçyp duran ymarat gözüň ýagyny iýip, özüne çekip barýarmyş. Törebeg:

— Sen ýeňdiň. Indi men seniňki. Ýöne iň soňky şertimi heniz aýdamokdym. Şony aýdaýyn. Sen öz salan peşdegiň üstünden bök. Aman galsaň, patyşalyk bilen seniňki —diýipdir.

Ýüregi hyjuwly ýigit «Ýa, Alla!»diýip, ýokardan özüni taşlapdyr. Alla tarapyn, ýigit ölmän, çala jan ýagdaýda titräp ýatypdyr. Birnäçe gün geçipdir. Ýurduň bilimdanlarynyň biri bu ahwala çydaman, Törebeg hanymyň dergähine barypdyr. Ol Törebege ýüzlenip:

— Ol bende göz-gülban bolup titräp ýatyr. Patyşam,ýanyna bar-da: «Men özümi saňa bagyşladym»diýip, üç ýola aýt. Şeýtmeseň ol janyny tabşyrmaz-da titrär ýatar —diýipdir.

Törebeg ýaşulularyň aýdyşy ýaly edipdir. Ýigidiň ýanyna baryp, gulagyna: «Men özümi saňa bagyşladym»diýipdir. Mimar ýigit şondan soň jan beripdir. Ony tutuşýurt hormat bilen bina eden ymaratynyň aşagynda jaýlapdyrlar. Ýigidiň gapdalynda Törebeg üçin ýer goýupdyrlar. Möwriti dolanda Törebeg hak jaýyna gowşupdyr. Ony mimar ýigidiň gapdalynda jaýlapdyrlar.

Amanbike NAZAROWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:29 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Lukman süýji keseliniň nädip anyklamalydygyny aýtdy

Next Story

Aprel aýynyň soňuna çenli täze “iPad” çykar

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop