bc5d74c81ff2330bb1a77cf0819504c7 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen talyplary baýrakly orunlaryň eýeleri

10.03.2024

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS- 2024) geçirildi. Bu halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 390-dan gowragy, 100-den gowragy daşary ýurtlardan gatnaşdylar.  Bu çekeleşikli dowam eden olimpiada ýekebara we toparlaýyn boldy. IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS- 2024) netijeleri boýunça Türkmen talyplary birinji orunlary eýelediler. Olardan 22-i altyn, 51-i kümüş, 96-y bolsa bürünç medallara, toparlaýyn bolsa 2-i altyn, 5-i kümüş hem-de 7-i bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadanyň döwründe talyplar we myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine şeýle- hem «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna, Derweze, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler we bu gezelençler olarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1606338662 960x559 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oraza aýy-2024 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

27.01.2023 wrfzntr ma2pq8v dznpmc0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň matematika dersi boýunça halkara açyk olimpiadasy üstünlikli netijelere beslendi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop