Has dorgusy, mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy üçin zerur bolan Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi hakynda Ähtnamany taýýarlaýarlar. Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaklyga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan guramanyň işgärlerinden, Aziýanyň Ösüş bankyndan, şeýle-de beýleki guramalaryň hünärmenlerinden tehniki goldawy alýar. Ýeri gelende bellesek, degişli Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2023-nji ýylyň iýun aýynda ýörite Iş topary döredilipdi.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynda «synçy» derejesini aldy. Şeýle-de 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesi berildi.