THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Albaniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

25.03.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Baýram Begaýa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Albaniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
6c8afbfc0f2906f5eafa926c363e142f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeni taryhy barada kitap ýazdy

k2rsnkujzd4zkyv7pjbvomgpnjgmvuezw3ibaswq THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISINIŇ WE MDHGI-Ň REKTORYNYŇ DUŞUŞYGY

Soňkylar Habar

GitTop