Dark
Light
07.01.2026
original 1636120d0cb394 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

24.03.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram – Päkistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi. «Biz Türkmenistan bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris» diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Päkistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

64344d56b3d64080478413 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belgiýanyň “Challenge Airlines” ýük uçary ilkinji gezek Aşgabat halkara howa menziline gonýar

ded219e6abdf0e6848cde74fc68f595e 750x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

KÜŞT BOÝUNÇA ÝOKARY LIGANYŇ ÝEŇIJILERI

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop