Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň matematika dersi boýunça halkara açyk olimpiadasy üstünlikli netijelere beslendi

10.03.2024

Bu halkara olimpiadasy 3-8-nji mart aralygynda geçirildi we oňa 8 döwletiň talyp-ýaşlary gatnaşdylar. Olar: Türkmenistan, Özbegistan, Indoneziýa, Saud Arabystan, Bolgariýa, Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Ispaniýa. Olaryň 390-dan gowragy türkmen talyplary bolup, 120-den gowragy bolsa daşary ýurt talyplarydyr. Olimpiada 2 tapgyra bölünip geçirildi, ýagny 1-nji tapgyr şahsy bäsleşik, 2-nji tapgyr bolsa toparlaýyn bäsleşik. 80-den gowrak topar gatnaşdy. Olimpiadanyň resmi dili – türkmen we iňlis dili boldy. Olimpiadanyň dowam edýän günlerinde daşary ýurt talyplary ak şäherimiz Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýagny Derwezedäki ýanyp duran oda, “Nusaý” ýadygärlikler toplumyna başga-da söwda we dynç alyş nokatlaryna gezelenç etdiler. Şahsy bäsleşikde 6 mesele çözuldi we ol 4 sagat dowam etdi. Toparlaýyn bäsleşikde 10 mesele çözüldi we ol 2 sagat dowam etdi. Bu ýaryşa Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinden 99 talyp gatnaşdy. Bu olimpiadanyň açylyş dabarasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary çykyş etdiler. Ýapylyş dabarasynda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen Döwlet Konserwatoriýasynyň talyplary çykyş etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri:

Türkmenistan: şahsy bäsleşikde 22 sany altyn medal, 51 sany kümüş medal, 96 sany bürünç medal. Toparlaýyn bäsleşikde 2 sany altyn medal, 5 sany kümüş medal, 7 sany bürünç medal.

UMUMY NETIJE:

1-NJI ORUN TÜRKMENISTAN

2-NJI ORUN ÖZBEGISTAN

3-NJI ORUN RUSSIÝA FEDERASIÝASY.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:13 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
небольшой дождь
Humidity 36 %
Pressure 1017 mb
Wind 3 mph
Wind Gust Wind Gust: 6 mph
Clouds Clouds: 98%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Türkmen talyplary baýrakly orunlaryň eýeleri

Next Story

PEDAGOGIK PSIHOLOGIÝADA ŞAHSYÝETIŇ ÖSÜŞI WE KEMALA GELŞI

Soňkylar Habar

GitTop