Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösüşi

30.03.2024

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürýär, onuň kanunçylyk we maddy enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy barlag işlerini geçirmek, ýokary ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hereket edýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy – barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe – önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurduň alymlarynyň “intellektual – önümleriniň” – barlaglarynyň, ygtyýarnama alnan ylmy açyşlarynyň sanawy barka giňelýär olara ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň düzüminiň işlenip taýýarlanylmagy, welaýatlaryň toprak – howa şertlerine uýgunlaşdyrylan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşleri, garagumyň çägesini berkitmegiň usullary we ş.m degişli. Türkmenistanyň ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän hem-de adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe halkyň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler üpjün edilen.

Ylym – hakykat baradaky obýektiw bilimleriň işlenip düzülmegine we teoretiki taýdan ulgamlaşdyrylmagyna gönükdirilen adamzat sferasy. Ol işiň esasy düýbi taktlary ýygnamak, olary hemişe täzeläp we ulgamlaşdyryp durmak, tankydy nukdaýnazardan analiz etmek we şol esasda, diňe bir gözegçilik edilýän tebigy ýa-da jemgyýetçilik kadalaryny beýan etmän etmän, eýsem çaklamagyň ahyr maksady bilen sebäp – netijeleri sintez etmek bolup durýar. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine  döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar. Düýpli we amaly ylmy – barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär.       

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “ Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz”.

Şeýle hem biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak başlarynyň dik bolmagyny işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Şamergen AGAMÄMEDOW
Türkmen döwlet
Ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cdybyndn1ekxueqbemi2ts3e6n4 960 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Germaniýadaky BMW kompaniýasyna işgär gerek

southwind airlines THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropa Bileleşigi Russiýa bilen gatnaşyklary sebäpli Türkiýäniň “Southwind” howa ýollarynyň Ýewropadan uçmagyny gadagan etdi.

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop