Dark
Light
25.01.2026
digital journalist working on a story THE ASHGABAT TIMES

Žurnalistikanyň ähmiýeti

27.03.2024

«Informasiýa» latyn dilinden geçen söz bolup, «tanyş etme», «düzme», «habar berme» diýen ýaly manylary aňladýar we uly göwrümli eserlere çeşme bolup hyzmat edýär. Şeýle wezipe sungatyň taryhy dersinde obraza, syýasy ykdysadyýet dersinde haryda degişlidir.Informasiýa materiallary toplamakda, olaryň üstünde işlemekde we olary belli bir görnüşe salyp, köpçülikleýin habar beriş seriş de-leriniň üsti bilen ýaýratmakda, žurnalistikanyň işleriniň bir görnüşi hökmüňde hereket edýär. Onuň esaslaryny, maksadyny hem hut şu işleriň üsti bilen ýüze çykarmak mümkin. Žurnalistikanyň öz maksadyny ýerine ýetirmeginde esasy serişdesi informasiýadyr. Ol bu meselede žurnalistika bilen auditoriýanyň araçysy, iş guraly bolup hyzmat edýär. Ol hut şol guralyň üsti bilen hem ýöriteleşdirilen sosial institut hökmünde žurnalistikanyň öňünde duran köpdürli wezipeleri ýerine ýetirýär. Şonuň üçin hem žurnalistika üçin dürli görnüşdäki, dürli derejedäki guramalaryň (metbugat, radio, telewideniýe we ş.m.) jemi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diýlip atlandyrylýar.

Şeýlelikde, žurnalistikada däp bolup giden «informasiýa» ýa-da «habar» sözi hakyky manysyndaky waka habarlarydyr. Olar telewideniýede, radioda we gazetde-de düşündiriş, syn berilmedik täzelikleri aňladýarlar. Olar «kommentirlenen habarlar», «çeper habarlar», «publisistik habarlar», «dünýägaraýyş habarlary» we beýlekilerdir. Häzirki döwürde žurnalistikada, esasan hem, teležurnalistikada sýužetleriň üsti bilen berilýän käbir wakalar, täzelikler, «düşündirişsiz» diýlen görnüşde berilýär. Şeýle atlandyrylýandygyna garamazdan, bu materiallardan hem, belli bir derejede, düşünje, maglumat alyp bolýar.

Häzirki wagtda surat, şekil žurnalistikasy hem ýokary derejede ösdi. Mundan biraz öňki döwürde-de suratlaryň hili, durnuklylygy öwerlik däldi. Häzirki wagtda suratlarda adamlaryň ýüzleriniň iň bir görünmesi kyn ownujak ýygyrtjagazlaryna çenli aýdyň şekillendirilýär, wa kalaryň göze ilmeýän ownuk böleklerine çenli aýdyň görkezip bol ýar. Bu ýagdaýlar bolsa adamlaryň we wakanyň psihologi ýasyny açyp görkezmäge has-da giňden ýardam edýär. Tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen gahrymanyň diňe özüni däl, eýsem onuň tutuş psihologiýasyny surat arkaly anyklap bilmek mümkinçiligi žurnalistiň iş ýüküni ýeňledýär. Onuň gürrüň berýän zatlaryny suratlar tassyklaýarlar ýa-da tersine.

Käbir ýagdaýlarda ýazgylaryň bir zat, suratlaryň başga bir zat barada gürrüň berýän ýerlerine gabat gelmek bolýar. Suratlar bilen ýazgynyň sazlaşygy işiň netijeliligini kesgitleýär.Häzirki wagtda internet žurnalistikasy ulanylyşa girdi. Internet arkaly islän gazetiňi, žurnalyňy okap, öwrenip bilmegiň özi žurnalistikanyň köpçülikleýin kommunikatiw serişdeleriniň tanalmaz derejede ösendigini we özgerendigini görkezýär. Elektron žurnalistika köp ýurtlarda ulanyşa girdi. Žurnalistikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tapawutly aýratynlyklaryny, täzeliklerini gündelik gazet-žurnal, telewideniýe, radio, surat we beýlekiler esasynda aýdyňlaşdyryp, deňeşdirmek işiň ähmiýetini ýokarlandyrýar.

ÇARYÝEWA MÄHRI
Halkara Ynsanperwer
ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

73f2f519d5943f411cac8c4cce184bb8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Änew Türki halklarynyň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň açylyş dabarasy

230711141746 01 mark zuckerberg life in pictures lead restricted THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze resminamalar “Facebook” -yň ulanyjylaryň “Snapchat” -y, “YouTube” maglumatlary gizlin taslamada açandygyny görkezýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop