Dark
Light
03.01.2026
11 11 THE ASHGABAT TIMES

Algoritm meseläni çözmegiň umumy usulýetidir

26.04.2024

Algoritm şol bir kibapdaş meseleleriň toplumyny bir meňzeş çözmäge mümkinçilik berýär. Algoritm formulada, grafikde, adaty tekst görnüşünde hem-de käbir algoritmik dilde beýan edilip bilner. Algoritmik dil (iňlisçe algorithmic language)kompýuter üçin algoritmleri takyk beýan etmäge niýetlenilen belgilemeleriň ulgamydyr. Adaty adamlaryň gepleýiş dili bilen deňeşdirilende algoritmik dil emeli dildir, ýöne onda sözlemleriň ýazylyşynyň berk sintaksisi we belgilenişi bardyr. Islendik söze we sözleme diňe birbelgili düşünilýär. Meseläni kompýuterde çozmegiň algoritmi üçin programma ýazmagyň dili örän köpdür. Olişeprogrammirlemekhemdiýilýär.Meseläni kompýuterde çözmegiň algoritmik dilinde beýan edilen programma tekstini kompýuteriň öz ony kompýuter (maşyn) diline (0 hem 1) geçirýär. Algoritmik dilinde ýazylan programma tekstini adam okap, düsüp bilýar. Emma kompýuter dilinde ýazylan programma tekstini okamak örän kyn işdir ýa-da asla mümkin däldir. Algoritmik dillerine programmirlemegiň dilleri (iňlisçe, programming language)dili hem diýilýär.Programmirlemegiň Pascal, Visual Basic, Delphi, Java dilleri, meseleleriň algoritmleri üçin programma has köp ulanylýan diller bolup durýarlar.

Kompýuterde mesele çözmek üçin niýetlenilen programmalaryň toplumyna kompýuteriň programma üpjünçiligidiýilýär. Kompýuteriň programma üpjünçiligi aşakdaky ýaly üc topara bölüşdirilýär:
1. Ulgamlaýyn programma üpjünçilik ýa-da hemmeler tarapyndan ulanylýan programmalar, olar her hili kömekçi funksiýalary ýerine ýetirýärler. Olar peýdalanylýan informasiýalary nusgalaýar, kompýuter barada anyklama maglumatlar berýär, kompýuteriň gurluşlarynyň işe ukyplylygyny barlaýar we ş.m. işleri ýerine ýetirýär.
2. Amaly programma üpjünçilik, olar kompýuteriňýerine ýetirmeli işlerini üpjün edýärler, mysal üçin, tekst dokumentleri redaktirlemek, suratlary ýa-da şekilleri döretmek, informasiýa massiwleri işläp taýýarlamak we ş.m.
3. Instrumental programma üpjünçilik ýa-da programmirlemegiň sistemasy, olar programmirleme dillerinde kompýuter üçin täze programmalary işläp taýýarlamagy üpjün edýarler.

Hemmeler tarapyndan ulanylýan programmalar ýa-da ulgamlaýyn programma üpjünçilik kompýuteri anyk ulanmak bilen baglanyşykly däldir, olar bilen adaty, meseleleri meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak, giriş-çykyşy dolandyrmak we ş.m. işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen, onuň düzümine aşakdaky programmalar girýär:
1. Operasion sistemalar, olar kompýuter toga birikdirilende operatiw ýatda saklaýan gurluşa ýüklenýär.
2. Gurşaw programmalar, olar kompýuter bilen işlenilende amatlylygy üpjün edýärler, mysal üçin, Norton Commanderwe ş.m.
3. Interfeýs ulgamlaryň amallar gurşawlary, olar grafik interfeýsleri, multiprogrammirlemeleri we ş.m. döretmek üçin peýdalanylýar.
4. Draýwerler, olar kompýuter işe girizilende operatiw huşa ýüklenýärler hem-de kompýuteriň daşky gurluşlaryny dolandyrmak üçin niýetlenilen.
5. Utilitler(iňlisçeutilitas—peýda), olar goşmaça ýa-da gulluk programmalar bolup kompýuter ulanyjylara birgiden goşmaça hyzmatlary berýär.

Eziz ANNAGURBANOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kompýuteriň programmalaýyn işleýişi

ms word 5aa0180ceb97de0036612567 f356870fe73d4c71857a9e534f6ce331 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tekstleri tanamak

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop