14a7d40b 8958 4cdf 9187 3ab18787fb25 THE ASHGABAT TIMES

Dünýäniň iň uly Baýdak sütünleri

02.04.2024

Baýdak sütüni “vlagge-stock” niderland dözünden gelip çykyp, baýdagy saklaýan sütün, steržen manysyny berýär. Ol Baýdagy ýa-da baýdajyklary galdyrmak we düşürmek üçin dikilen wertikal metal, agaç ýada plastik sütündir. Şeýle hem diňleriň ýokarsyndaky gurnalýan nyşanlar ( hristianlaryň haçly nyşany, musulmanlaryň aý-ýyldyzly nyşany we ş.m.) Baýdak sütüni diýip atlandyrylýar. 

Baýdak sütünleri adatça Baýdaklary galdyrmak üçin ýönekeý çarhlar we maýyşgak  ýüpler bilen üpjün edilen bolýar. 

Häzirki wagtda dünýäde iň beýik Baýdak sütüni Müsüriň Täze Kair şäherinden 25 km uzaklykda  bina edildi. Onuň beýikligi 202 deňdir.

Dünýäniň iň beýik Baýdak sütünleri adyna mynasyp bolanlaryň birnäçesine seredip geçeliň. 

2008 – nji ýyldan 2010 –  njy ýyla çenli dünýäniň iň Baýdak sütüni Aşgabat şäherinde ýerleşýän 133 metrlik Türkmenistanyň Baş Baýdagy hasaplanyp gelindi. 

2010- njy ýylda Bakuda 162 metrlik Azerbaýjanyň Döwlet Baýdagynyň sütüniniň dikilmegi bilen, dünýä rekordyny özüne geçirýär.

Emma bu ady saklamak oňa 2011 – nji ýylyň 30 – njy awgustyna çenli başardýar. Çünki Duşanbede Täjigistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 165 metrlik Baýdak sütüni dikeldilýär.

2014 – nji ýyldan başlap, 2021 – nji ýyla çenli dünýä rekordyny Saud Arabystanyň Jidda şäherindäki Flagştogy saklaýar. Onuň beýikligi 170 m deň.

2021 – nji ýylda Täze Kairdäki 200 metrden gowrak beýiklikli Baýdak sütüni dünýä rekordyny öz adyna ýazdyrýar. 

2023 – nji ýylda Russiýanyň Sankt-peterburg şäherinde gurlan 175 metrlik Baýdak sütüni  diňe sanawyň ikinji setirini saklady.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýäniň iň uly Baýdaklarynyň arasynda dünýäniň 7 – nji beýik sütüninde gurnalan  420 kg massaly Türkmenistanyň Baş Baýdagy 1837,5 inedördül metr ölçegi bilen ilkinji dörtlügi jemleýär.

Şöhrat BERDIÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1794313494 0 0 3283 2047 1920x0 80 0 0 a60f0c8c4e995eb85ddd09e7482d3827 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aeroport hakynda

4 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk binasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop