eca9876b1a5f3667acdc42961f1863f8a00b44e4530d1db38eb4a165667126ae THE ASHGABAT TIMES

Etrabyň ýer gurluşyk shemasynyň ýer gurluşyk çyzuwynyň talaplary bilen utgaşdyrylyşy

23.04.2024

Etrabyň peýdalanýan ýerleriniň plany hereket edýän çyzuw düzgünnamalaryna laýyklykda arassa we gowy edip bezelýär we bejerilýär.

Shemada hojalykara we beỳleki maldarçylyk toplumlar we fermalar üçin bol we talabalaýyk iỳmit esasyny (bazasyny) döretmek, ot-iỳmleri uzakdan daşaman, öz ỳerinde öndürilmegini ỳola goỳmagyň meỳilnamasy hökmany işlenilip düzülen bolmalydyr. Maldarçylyk toplumlarynyň we fermalaryň galyndysyny (ders we beỳlekiler) ekerançylyk üçin saklamagyň we ulanmagyň netijeli düzgünleri we gurşap alỳan tebigaty goramak boỳunça çäreler göz öňünde tutulan bolmalydyr.

Welaýatyň çägindäki we ondan daşdaky obỳektleriň (iş ỳerleriň) arasynda ỳük daşama, ỳüksüz geçirmeler we aragatnaşygyň beỳleki görnüşleriniň has-da ösmägi bilen baglanşykly gara ỳollaryň toruny, aragatnaşyk ulgamyny we energiỳa bilen üpjün edilişiniň netijeli  ösdürilmegi bellenilmelidir.

Önümçiligiň we ilatyň jemlenmesini hasaba alyp, suw bilen üpjünçiligi lukmançylyk, mal bejerilỳän keselhana, durmuş, medeni aň-bilim ojaklary, mekdep, söwda obỳektleri, oba hojalyk önümleriniň tabşyryş-kabul ediş nokatlary (punktlary) we oba hojalyk önümçiligini we ilata hyzmat etmegiň adaty hereket etmegi bilen baglanşykly beỳleki edaralaryň guralşynyň kesgitlenilmegi zerur.

Welaýatyň etraplarynda we daỳhan birleşiklerinde ýaramly ýerleriň we ekin dolanşyklarynyň düzümini takyklamak, däne we beỳleki ekerançylyk önümlerini, hususan-da häzirki bäş ỳyllyga we indiki ỳakyn geljege mallar üçin ot-iỳmiň öndürilişini giňeltmegi hasaba almak bilen olary ỳerleşdirmeli. Welaýatyň çägindäki we ondan daşdaky binalaryň, iş ỳerleriň arasynda ỳük daşama, ỳüksüz geçirmeler we aragatnaşygyň beỳleki görnüşleriniň has-da ösmegi bilen baglanşykly gara (magistrial) ỳollaryň toruny, aragatnaşyk ulgamyny we energiỳa bilen üpjün edilşiniň netijeli  ösdürilmegi bellenilmelidir.

Ỳeriň bellenilen maksadyny we etrabyň hojalyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini işläp düzmek, halk hojalyk meýilnamasynyň etrap şertlerinde kabul edip boljak ýagdaýy degişli welaỳat görkezijileri esasynda amala aşyrylỳar. Onda şu aşakdakylar şöhlelendirilen bolmaly: etrabyň tutuşlygyna we onuň bölekleriniň halk hojalygynda ỳöriteleşdirilişi, oba hojalygyny çäk boỳunça we zerur bolan ỳagdaỳynda aỳratyn kärhanalar boỳunça ỳöriteleşdirmek, ỳer gaznasynyň suwaryş suw baỳlygyny etrabyň hojalyklary we kärhanalary pudaklary boỳunça bölmek, olar tarapyndan şol serişdelerden peỳdalanylyşynyň hususy aỳratynlygy, pudaklar we aỳratyn görnüşler boỳunça oba hojalyk önümleriniň jemi öndürilen möçberi önüm we pul görnüşinde aňladylan, pudagyň we etrabyň ähli oba hojalygynyň satlyk haryt (harytlyk önüm) öndürijilik ukyby.

Oba hojalyk pudaklarynda önümçilik prosesiniň mehanizasiỳasy we elektrifikasiỳasy, zähmet öndürijiligi we onuň ösüşi soňky 3-5 ỳyla, alynan peýdaly önümleri bir görnüşden başga gornüşe geçirmek (transformasiỳa) we täze ỳerleri özleşdirmek zerurlygy, peýdaly ýerleri gowulandyrmak boỳunça çäreler we suwaryş, guradyş, topragyň suw we ỳel eroziỳasy we beỳlekiler bilen göreş çärelerini ýola goýmaly.

Oba hojalyk önümlerini gaỳtadan işleỳän kärhanalaryň, olaryň çig mal bazasyny hasaba almak bilen, hojalyga önümçilik hyzmatlaryny etmek boỳunça kärhananyň kuwwatlylygy, etrapda territorial ỳerleşdirilen we ỳerleşdiriljek beỳleki pudaklaryň kärhanalaryny ösdürmegi bellemeli.

Önümçiligiň ösmegi bilen baglylykda ilatyň geljek üçin sany we olaryň etrap hojalyklarynyň pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi kesgitlenilỳär, döwletiň we daỳhan birleşgiň oba hojalygynyň esasy pudaklaryna maỳa goỳumlarynyň möçberi, şeỳle hem etrap hojalygynyň beỳleki obỳektlerine döwlet pul goỳbermeginiň möçberi kesgitlenilỳär.

Welaýat ỳer gurluşyk shemasy ilkinji nobatda, welaýat meýilnamalaşdyrylyşyna (planirowkasyna) we shemasyna esaslanỳar. Zerur ỳagdaỳynda bolsa, oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki döwrüň wezipesi hasaba alynýar, olaryň üsti ỳetirilỳär we kämilleşdirilỳär.

Welaýat  meýilleşdirmesiniň shemasy we taslamasy soňky ỳyllarda welaýatlarda, düzülen  ỳer gurluşyk shemasy gaỳtalanmaly däldir.

Suwarymly ekerançylykdaky etraplarda ỳokarda seredilenlerden başga-da suwarmagy we suwdan peỳdalanmagy kämilleşdirmegiň soraglary ỳagny, suwaryş çeşmelerini we olaryň suwlulygyny kesgitlemek; ỳer-suw balansyny düzmek, ỳagny bar bolan we geljekde garaşylỳan suw çeşmeleri bilen suwarylỳan ỳerleriň taslanylỳan ulanylyşy üçin suwaryş suwuna zerurlygyny sazlamak; suw bölüji we suw sowujy kanallarda we olardaky desgalarda esasy äkidilỳän suwlary ỳerleşdirmek; esasy suw bölüjiniň agalyk (täsir) edỳän zolagyny anyklamak; zeỳ suw akabalarynyň hyzmat edỳän territoriỳasyny, olary ỳerden peỳdalanmagyň meỳdany we araçägi bilen utgaşdyrmak; ulanylỳan ỳollaryň we aragatnaşyk ulgamlarynyň suwaryş ýaplaryň (irregasion) ulgamyny dolandyrmak üçin zerur ugruny ỳerleşdirmek ỳaly işler işlenip düzülen bolmalydyr.

Daỳhan birleşikleriň we beỳleki oba hojalyk kärhanalarynyň önümçilik bölümleri we olaryň hojalyk merkezleri ỳerleşdirilende şu bölümler üçin suwaryş ỳaplaryň ugruny bellemek zerur. Eger-de etrapda ỳerden, suwdan peỳdalanylanda ozaldan kemçilikleri bolan suwarymly hojalyklar bar bolsa, onda şol kemçilikleri ỳok etmekligiň ugurlary  taslanylỳar.

Amanmät AGAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:52 am, Jan 31, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1034 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:11 am
Sunset Sunset: 6:27 pm
95bbc30af7be35509b2d094a5a66853a THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

В Туркменистане открыли новый участок автобана Ашхабад – Туркменабат | Общество

1111 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gözleg ulgamlaryny saýlap almak

Soňkylar Makalalar

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

30.01.2025
Emeli aň geljekçi pikirden gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Esasynda, emeli aň adam akyllylygyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirip bilýän maşynlary we programmalary döretmek

Nanotehnologiýa

30.01.2025
Nanotehnologiýa atom we molekulalaryň derejesinde maddanyň üýtgedilmegi arkaly daş-töweregimizdäki dünýägaraýyşymyzy üýtgedýär. Bu ösen ugur dürli ylym bölümlerini öz içine alýar, şol sanda himiýa, biologiýa,

Elektroenergetika pudagy

30.01.2025
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary,

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly
GitTop