1111 1 THE ASHGABAT TIMES

Gözleg ulgamlaryny saýlap almak

23.04.2024

Bu tapgyr her bir gözleg maşynyny ulanmak bilen geçirilýän gözlegleriň garaşylýan netijeliliginiň kemelmegine laýyklykda gözleg maşynlaryny ulanmagyň yzygiderliligini ornaşdyrmagy talap edýär.

Özleriniň gurşap alan sebitleri, gözleg geçiriş ýörelgeleri (şol sanda, kabul edilýän ýüz tutmalaryň giriş dilleri we häsiýetnamalary), indeks bazasynyň göwrümi, maglumatlaryň täzeleniş tizligi, «stan-dart däl» maglumatlary gözlemek mümkinçilikleri we ş.m. boýun-ça biri-birlerinden tapawutlanýan gözleg ulgamlarynyň bary-ýogy birnäçe ýüzlerçesi häzirki wagtda bellidir. Serweriň indeks bazasynyň göwrümi we gözleg maşynynyň hut özüniň ösüş derejesi, ýagny onuň kabul edýän ýüz tutmalarynyň çylşyrymlylyk derejesi gözleg ulgam-laryny saýlap almagyň esasy kriteriýasy bolup durýar.

Gözleg maşynlaryna ýüz tutmalaryň düzülişi we ýerine ýetirilişi.

Bu adatça, gözlenip tapylan maglumatlaryň ägirt köp sanlysyny gaýtadan işlemek bilen bagly bolan has çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän tapgyrdyr.

Saýlanyp alnan gözleg serwerlerine tezaurusyň esasynda ýüz tut-malar döredilýär. Ilkinji netijeler alnandan soň anyk, göz-görtele relewant däl maglumatlary bölüp aýyrmak maksady bilen ýüz tutmalaryň anyklanmagy mümkindir. Soňra gözlegiň maksadynyň nukdaýna-zaryndan iň gyzykly hasaplanýan resurslardan başlap, olar saýlanyp alynýar we relewant diýlip hasap edilen resurslardan maglumatlar mundan beýläkki seljeriş işleri üçin ýygnalyp alynýar.

Ýüz tutmalaryň formaty, semantikasy ulanylýan gözleg maşynlaryna we anyk kesgitli predmet ugurlaryna baglylykda üýtgäp biler. Ýüz tutmalar gözleg ugry iň ýokary derejede anyklaşdyrylan we gysylan ýagdaýda bolar ýaly edilip düzülmelidir, ýagny bir giňişleýin ýüz tutma bilen deňeşdireniňde, birnäçe anyk ýüz tutmalaryň ula-nylmagyny ileri tutmalydyr. Umumy ýagdaýda tezaurusdaky esasy düşünjäniň her biri üçin ýüz tutmalaryň aýratyn paketi taýýarlanyl-ýar. Şeýle-de olary synag hökmünde durmuşa geçirmek – tezaurusy anyklamak we dolandyrmak üçin hem-de şowhun-şagalaň mag-lumatlaryny saýlap aýyrmak maksady bilen geçirilýär.

Selim NURYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
eca9876b1a5f3667acdc42961f1863f8a00b44e4530d1db38eb4a165667126ae THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Etrabyň ýer gurluşyk shemasynyň ýer gurluşyk çyzuwynyň talaplary bilen utgaşdyrylyşy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nyrh üýtgemelerine täsir edýän faktorlar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop