e984413d7ad764a6e52bc8c70cb44be0 THE ASHGABAT TIMES

Iň gymmat bahaly pagtalar

16.04.2024

Pagta süýümi, ýetişen pagta gozalarynda tohumlary – pagta çigitlerini örtýän inçe tarlardyr. Ondan alnan sapaklaryň we matalaryň hili bu süýümleriň häsiýetleri bilen kesgitlenýär: uzynlygy, galyňlygy, tekizligi, birmeňzeşligi we gyrymsylygy. Bu görkezijilere görä süýüm näçe gowy bolsa, sapaklar has inçe we ýumşak bolup biler. Matalar has gowy, güýçli we çydamly bolýar. Pagtanyň iň oňat görnüşi, Barbadosdan Müsüre hödürlenen uzyn süýümli Gossypium barbadense pagtasy hasaplanýar. Onuň senagat taýdan ösdürilip ýetişdirilmegi Müsürde başlandy. Şonuň netijesinde, uzyn süýümli pagtanyň ähli görnüşlerine Müsür pagrasy diýilýär.

Emma häzirki wagtda onuň paýy dünýädäki pagta önümçiliginiň 4% -inden köp däldir. Müsürde ösdürilip ýetişdirilýän uzyn süýümli pagtanyň iň gymmat görnüşleri Mako we Giza bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, mako pagtadan ýasalan mako-atlaz ýa-da Şweýsariýa atlazy giňden tanalýar.

20-nji asyryň başynda Demirgazyk Amerikada uzyn süýümli pagtany ösdürip ýetişdirmek synanyşyklary üstünlikli amala aşdy. Pima indeýleriniň kömegi bilen alnan pagtanyň bu görnüşine Pima pagtasy diýildi. Ýöne iň saýlama we gymmat bahaly görnüş ýarym asyrdan soň alnan Supima boldy. Ondan ajaýyp, ýylmanak, inçe we çydamly başgaça “Lýuks synp” matalaryny öndürýärler. “Supima” düşek ýorganlaryny diňe iň baý müşderiler alyp bilerler.

Häzirki wagtda Pima pagta diňe bir ABŞ-da däl, Peruda, Ysraýylda we Awstraliýada hem ösdürilip ýetişdirilýär. Emma ondan öndürilen dokma önümleri henizem gymmat bahaly segment önümlerine degişlidir.

Oguljennet ORAZMUHAMMEDOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýer ýüzünde iň uly çöl

img 7051 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hokkeý oýnunyň taryhyndan

Soňkylar Makalalar

 Albinizm Keseli

12.03.2025
Albinizm – genetiki taýdan nesilden nesile geçýän keseller toparydyr we bedende melanin pigmentiniň ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu pigmentiň ýetmezçiligi sebäpli deri, saç we gözleriň

 Diabetiki Polineýropatiýa

12.03.2025
Diabetiki polineýropatiýa – süýji keseliniň nerw ulgamyna ýetirýän uzak möhletleýin täsiriniň netijesinde döräp, esasan, periferiki nerwleri zaýalaýan keseldir. Bu kesel nerw öýjükleriniň kandaky glýukoza

Kelle Beýniniň Çiş Keselleri

12.03.2025
Kelle beýnisiniň çiş keselleri beýni dokumalaryndan, nerw öýjüklerinden ýa-da beýni örtüklerinden döräp bilýän täze döremelerdir. Olar oňyn we ýaman häsiýetli bolup biler. Oňyn çişler

Bil Onurganyň Miyelopatiýasy

12.03.2025
Bil onurganyň miyelopatiýasy – onurğa ýiliginiň zeperlenmegi bilen baglanyşykly bolan we dürli sebäplere görä ýüze çykýan çylşyrymly keseldir. Bu ýagdaý degeneratiw üýtgemeler, onurğa sütüniniň

 Ýüz Nerwiniň Newridi

12.03.2025
Ýüz nerwiniň newridi – ýüzüň bir tarapynda ýüzi doly ýa-da bölekleýin ysmazlyga sezewar edýän, sowuklama, ýokanç keseller ýa-da autoimmun bozulmalar sebäpli ýüze çykýan kesel.
GitTop