67919810 cartoon human joints set health care medical diagnostic x ray flat design style vector illustration THE ASHGABAT TIMES

Injik süňkleriniň birleşmeleri

01.04.2024

Injik süňkleri (tibia et fibula) özarasynda üznükli (art.tibiofibularis) weüznüksiz(syndesmosis tibiofibularis, membrana interos-sea cruris) birleşmeler arkaly birigýärler.

Injigara bogun (articulatio tibiofibula-ris) kiçi injik süňküniň bogun üsti uly injik süňküniň kiçi injik bogun üsti bilen birleşmesi bolýar. Bogun üstleri ýasy bolup, olaryň gyra-lary boýunça berk dartylan bogun torbasy berki-dilýär. Bogun boşlugy kähalatda dyz bognunyň boşlugy bilen baglanyşýar. Torbany öňden kiçiinjik süňküniň kellesiniň öňki baglaýjysy(lig. capitis fibulae anterius), yzdan kiçi injik süňküniň kellesiniň yzky baglaýjysy (lig.capitis fibulae posterius) berkidýär. Bu bogunda hereketler çäklenendir. Injigara sindesmoz bogny [(syndesmosis (articu-latio) tibiofibularis)] üznüksiz birleşme bolup, uly injik süňküniň distal epifiziniň kiçi injik gädigi we daşgapdal (lateral) topugyň bogun üsti bilen emele gelýär (104-nji surat). Bu sindesmoza, köplenç, injik – daban bognunyň sinowial perdesi güberýär. Şeýle ýagdaýlarda ol aşaky injigara bogny [(art. tibiofibularis (inferior))] emele getirýär. Sepleşýän uly injik we kiçi injik süňkleriniň aşaky epifizleriniň birleşýän üstleriniň arasynda köp mukdarda gysga birleşdiriji dokuma süýümleri ýerleşýär. Öňden we yzdan bu birleşmäni öňki we yzky kiçi injigara baglaýjylary (lig. tibiofibularis anterius et posterius) berkidýär. Olar daşgapdal topuk we uly injik süňküniň arasynda ýerleşýär. Bu birleşmede hereket düýbünden ýokdur.

Injigiň süňkara perdesi (membrana interossea cruris) uly injik we kiçi injik süňkleriniň süňkara gyralarynyň arasynda çekilendir. Ol bilegiň süňkara perdesi-ne garanda has galyňdyr. Perdäniň ýokarky we aşaky böleklerinde damarlar we nerwler geçer ýaly deşikler bar. Uly injik we kiçi injik süňkleriniň arasynda here-ket düýbünden bolman, injigiň daýanç işi bilen baglanyşykda kiçi injik süňküniňinjik – daban bognuny emele getirmäge gatnaşmagydyr.

Sonagözel NURGELDIÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:35 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dutar – owazy arşa galan senet

canva graphics 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“WhatsApp” -yň “Chat Lock” aýratynlygy ýakyn wagtda birikdirilen enjamlara ýaýrap biler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop