12154 THE ASHGABAT TIMES

IPv4 Internet protokolynyň (IP) dördünji tapgyry

16.04.2024

1982-nji ýyldan bäri, internet tory üçin esas bolup durýan SATNET-iň hemra ulgamynda ýerleşdirilenden bäri işleýär. IPv4 henizem internetdäki esasy protokol (teswirnama) bolup durýär. IPv4 takmynan 4,3 milliard internet salgysyny döretmek mümkinçiligini üpjün edýär. Köpçülik we hususy torlardaky TCP / IP protokolyny ulanýan her bir enjamyň IP salgysy bardyr. Bu bolsa enjamy tanamaga we ýerleşýän ýerini kesgitlemäge niýetlenendir. 1990-njy ýyllarda internet ulanyjylaryň çalt ösmegi netijesinde, ähli ulanyjylary birikdirmek üçin IPv4 -iň üpjünçiligindäki bar bolan salgydan, has köp salgynyň zerur boljakdygy belli boldy.

Protokolyň dördünji tapgyry 32 bitli salgylardan düzülen. Bu salgy 4 bölekden ybarat bolup, olaryň her biri nokat bilen bölünýär. Mysal üçin: 100.101.102.103. Her bölümiň çägi 0-255 san aralygydyr. IPv4 salgylary IP adresleriniň diapazony esasynda dürli klaslara bölünendir.

Internet protokolynyň 4-nji tapgyrda MAC salgylaryny kesgitlemek üçin ARP ulanýar, IPv6 bolsa NDP ulanýar. IPv4 el bilen sazlamalary we DHCP adres sazlamalaryny goldaýar, IPv6 awtomatiki salgy sazlamalary esasynda salgylary üýtgedýär.

Akjagül MYRATNYÝAZOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
01010101 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Italiýanyň meşhur brendlarynyň “Made in Italy day” atly tanyşdyrylyş dabarasy üstünlikli geçirildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýer ýüzünde iň uly çöl

Soňkylar Makalalar

Suw – ekologik durnuklylygyň esasy ugry

13.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy,

Parahatçylyk döredijilikli tagallalaryň binýady

12.12.2025
Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda

Watany söýmek – mertebe mekdebi

12.12.2025
Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe
GitTop