Dark
Light
27.12.2025
fdsfsfsdfg THE ASHGABAT TIMES

«PostShop» marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy

02.04.2024

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «PostShop» internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Indi «PostShop» müşderilerine önümi görüp we eltilmegine garaşmazdan, dessine satyn almaga şerti üpjün etdi. Bu, esasanam, satyn almasy gyssagly bolan harytlaryň söwdasy üçin oňaýlydyr.

«PostShop» dükany önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär: hojalyk tehnikalary, kompýuter tehnikasy üçin enjamlar, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümler.

Geljekde dükanyň assortimenti kanselýariýa we hojalyk himiýa serişdeleri bilen giňeldiler.

Täze dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi, 39 A jaý. Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri — sagat 9:00-dan 20:00-a çenli.

«PostShop» marketpleýsi harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine ibermegi üpjün edýär. Harytlar satyn alnanda nagt we nagt däl görnüşde bank karty arkaly töleg geçirip bolýar.

Mundan başga-da, ulanyjylara amatly bolmagy üçin, «PostShop» mobil goşundysy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi. Onlaýn marketpleýs barada has giňişleýin maglumatlary (+993 65) 72 89 52 telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hbfgunez3ktbvniqimaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy biometrik pasportlary bermek üçin täze nokatlary açdy

safsacas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Diplomatic World» halkara žurnaly türkmen kompaniýalary üçin aýratyn işewürlik katalogyny işe girizýär

Soňkylar Täzelikler

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

17.12.2025
Ak Tam tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we amerikan jemgyýetini hem-de raýatlaryny goramak boýunça Prezidentiň tagallalaryny dowam
GitTop