Dark
Light
28.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş ýörelgesi

21.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Ogul gyzlarymyzda çagalykdan başlap sport endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we sagdyn durmuşda ýaşamagynyň girewidir. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller üçin bolsa ýetip bolmajak sepgit, amala aşyryp bolmajak wezipe ýokdur!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmeginde sporta örän uly üns berilýär. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy – ýurt abadançylygynyň nyşanydyr. Adamyň köp hereketde boldugyça onuň bedenindäki gan aýlanşynyň kadalaşýandygy, taplanýandygy ylmy hem amaly taýdan subut edilendir. Sport, ilkinji nobatda, beden saglygyny berkitmek bilen, ruhy sagdynlygyň hem esasyny goýujydyr, sebäbi beden taýdan sagdynlyk ruhy sagdynlygyň esasydyr.

Häzirki döwürde sportyň we bedenterbiýäniň jemgyýetdäki ähmiýetiniň ýokarlanmagy sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Sport – munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr” diýen ajaýyp sözleri adamlaryň sport bilen meşgullanmagyna itergi berýän jadylaýjy güýçdir.

Baýram KULMURATOW
Türkmen oba hojalyk instituty
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kiberhowpsuzlygyň tehnologiki we ulgam meseleleri

p0d2r289 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

DEBAGGER-SAZLAÝJYLARDAN goranmak

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop