5115252 THE ASHGABAT TIMES

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarýar

01.04.2024

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy  ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda,  dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda ähli mümkinçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.

Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi. Ählumumy maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere getirer, işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylar. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny sowatly ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak üçin öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen birlikde iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişýär.

Häzirki wagtda dünýäniň derwaýys maglumatlarynyň ägirt uly möçberlerini işjeň özleşdirmezden, maglumatlary dessin alyşmazdan mümkin däldir.  Bir söz bilen aýdylanda, XXI asyryň ösüşi aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ýokary tizlikli internet aragatnaşgynyň ösdürilmegi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň şol sanda ylym-bilim ulgamynyň  hem işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem kabul edip, onuň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.     

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem halypa professor-mugallymalar, hünärmenler, ylmy işgärler we talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanylýar.

Institutymyzda talyp ýaşlaryň sanly tehnologiýalar esasynda  bilmlerini berkitmekleri, internet arkaly özleriniň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça maglumatlary, ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri bilen  içgin tanyşmaklary üçin ýörite bilim portaly işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda hereket edýär.

Sanly bilim portalynda dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, dersler boýunça taýýarlan okuw maglumatlar, amaly we umumy okuw ýazgylary, okuw sapaklarynyň guralyşynyň wideo ýazgylary, interaktiw-multimediýa programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary ýerleşdirildi.

Institutymyzda  sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň  giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän  daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar.

Kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, institutymyzda türkmen dilinde ýazylan ilkinji programma önümleriniň biri bolan,  “Kitaphana dolandyryş ulgamy”  atly programma döredildi we ulgama ornaşdyryldy.  Ondan başga-da institutymyzyň çäginde içki tor arabaglanyşygyny we sanly bilim tehnologiýalaryny  giňden peýdalanyp, talyplaryň bilim derejesini barlamak we bahalandyrmak üçin ýörite “Elektron synag ulgamy” programmasy işlenip düzüldi. Bu programmanyň kömegi bilen aýlyk jemlemeler, synaglar kabul edilýär.

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda sanly bilim ulgamy ösüşleriň belent derejesine ýetdi. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi  dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy,  her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi, milli bilim ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän wezipelerini çözmegi üçin ygtybarly hukuk binýadyny emele getirer.

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulşat ÝAZMYRADOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:31 am, Mar 4, 2025
temperature icon -2°C
ясно
Humidity 69 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 6%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:34 am
Sunset Sunset: 7:02 pm
behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMEN BEDEWI INTERNET SAHYPALARYNDA

volga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Welosiped sporty — sagdynlyga badalga

Soňkylar Makalalar

Sagdyn nesil – sagdyn gelejek

03.03.2025
Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar

Ýaşlar parahatçylygyň ilçileri

03.03.2025
Türkmen halkynyň ösüş basgançaklaryny kesgitleýän parasatly ýörelgesine çelgi bolup durýan Türkmen Halkynyň Milli lideri- ýaşlary parahatsöýüjilikli ynsanlar edip ýetişdirmekde özüniň öwüt- ündewleri bilen gelejege

Milli ykdysadyýetimiziň  özeni

03.03.2025
       Milli ykdysadyýetimiziň özeni bolup durýan türkmen topragynyň önümleri bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna gol salýan parahatsöýüjilikli döwletimiz bu günkigün görülip- eşidilmedik sepgitlere ýetdi.

Gülden näzik gözel zenanlar

03.03.2025
Ýurdumyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana

Sagdyn ıýmıtlenmek saglygyň sakasydyr

28.02.2025
Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň beden we akyl taýdan saglygyny saklamakda we ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Düzgünli we deňagramly iýmitlenmek, dürli nutrientleri, witaminleri we minerallary üpjün
GitTop