a904c99b99d0a393745d5af4850440af THE ASHGABAT TIMES

Sosial-psihologik eksperiment

16.04.2024

Ylmyň ösüş taryhynyň maglumatlaryna laýyklykda psihologiýanyň ösüşinde, onuň umumy nazaryýet taýdan öwrenilişinde, pudaklaryň aýry-aýrylykda öwrenilmeginde, ylmy-amaly ýagdaýlarda derňelmeginde usullardyr –usulyyetleriň we taglymatlaryň uly ähmiýeti bardyr.

Ylymlary öwrenmekde we derňemekde eksperiment (synag) usulynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Bu usul bilimleri ösdürmekde, olary differensirlemekde,alnan maglumatlary öwrenmekde zerur usul hasaplanylýar. XIX asyryň ortalarynda umumy psihologiýa ylmynda hem synag usulynyňyzygiderli ulanylmagy başlandy. Bu usulyň ulanylyşynyň has giňişleýin peýdalanylýandygy barada Fehneriň, Weberiň, Wundtyň we beýlekileriň işlerinde has aýdyň beýan edilipdir.

Ylmyň psihologiýanyň ösüp we öwrenip başlanmagy eksperiment usulynyň ulanylşy psihologlaryň ylmy işinde uly ähmiýete eýe boldy.

Eksperiment (synag) –bu ylmy derňew işiniň gözleglere daýanmak düzgünleriň baglanyşygyny göz öňünde tutýan derňew usulydyr.

Birinjiden, nusgalaşdyrma ýagdaýyňwe şertiniň hil we san taýdan kesgitlenilmegi; Ikinjiden,synag (derňew) geçirilýän ýagdaýlara (ýüze çykmalara) işjeň täsiri; Üçünjiden,täsirleşmäniň derejesini ölçemek; Dördünjiden,netijeleriň birnäçe gezek dikeldilmegi we barlanylyp ulanylmagy.

Tejribe(eksperiment) iş hökmünde adamyň iş tejribesidir, synaga laýyklykda fakt belli bir hakykatyň ölçeg birliginiň häsiýetine öwrülýär we güýçli usulyna öwürýär.Tejribede öwrenilýän obýektleriň özboluşly aýratynlyklarynyň sebäp-derňew gatnaşyklaryny öwrenmäge gönükdirilendir. Eksperimente(tejribä)iş hökmünde seretmek bilen ony geçirmek zerur bolan derňew döwürlerini we wezipelerini anyklalyň:

I döwür. Derňewiň nazaryýet –taglymatdöwri(meseläniň goýluşy). Bu döwrüň wezipeleri:1)derňewiň meselesini we temany kemala getirmek;2)derňewiň obýektini we predmetini kesgitlemek;3)synag-derňewiň wezipelerini we gipotizasyny kesgitlemek.Predmetiň, meseläniň öwreniliş araçägi ýagdaýa görä kesgitlenýär:

1) derňewiň maksady we wezipeleri;
2) derňewiň obýekti;
3) synagyň material we wagt mümkinçilikleri;
4) meseläniň ylmy taýdan işlenilşi, olaryň nazaryýet taýdan bellenilşi.

Bu döwrüň esasy wezipesi eksperimental derňewiň we aňlatmanyň predmetiniişläp düzmekden hem-de anyk konseptual düşünjeleri kesgitlemekden ybaratdyr.

II döwür. Derňewiň usulyýeti döwri.

Bu döwürde derňew usulyýetiniň işleniliş usulyýeti we meýilnamasy düzülýär, ýagny garaşly we garaşsyz derejeleriň ýagdaýlary öwrenilýär, olary öwrenmegiň usulyýeti işlenilýär. Derňewiň meýilnamasyny düzmek hem iki ýagdaýy göz öňünde tutýar:

1. synagyň maksatnamasynyň düzülmegi we derňewiň (tejribäniň) yzygiderligini kesgitlemek;
2. test-obýekt (sýiş we predmet gyjyndyryjy);
3. görkezme (işe gönükdirilen gurnamalar);
4. synagy geçirýänler;
5. synag edilýäniň şahsyýeti;
6. synag edilýänleriň jogap-täsirleşmesi.

Eksperimentalýagdaý birnäçe guramaçylykly we guramaçylykly däl toparlary öz içine alýar. Synagyň esasy düzgüni hemme üýtgemeler ähli tejribäniň dowamynda konstant bolmaly hem-de hil we san häsiýetlere eýe bolmaly, üýtgeýjilik ýagdaýynda gabat gelmeli.

III döwür. Analitik döwür. Bu döwürde alnan netijeleriň san derňewi amala aşyrylýar we täze ylmy gipotezalary hem-de tejribelikleri işläp düzýär. Synag usulynyň ösüşi 4 sany ýagdaý bilen baglanyşyklydyr:

1. täze synag işlerini döretmek;
2. ölçeýji operasiýalaryny işläp düzmekden;
3. usullary kompleksirlemekden;
4. tehniki üpjünçiligi kämilleşdirmekden.

Umumy ýagdaýda aýdylanda, sosial psihologiýada tebigy we laboratoriýa görnüşleri bardyr. Bularyň ikisine degişlilikde birnäçe umumy günler bolup, olar eksperimentator tarapyndan erkinlikde garaşsyz üýtgeýjileri girizmek, olara we garaşly üýtgeýjilere gözegçilik etmekden we ş.m. ybaratdyr.

Kerim ARTYKOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
960x0 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Duýgularyňy dolandyrmak

maxresdefault THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýokary naprýaženiýalary ölçemek

Soňkylar Makalalar

Nowruz geler ilime güller açar diýarym

10.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

10.03.2025
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
GitTop