amaly hasham haly onumleri turkmen carpet THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysy-gadymy hem müdimi senet

04.04.2024

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişinde dünýä genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eseriniň ýüzlerçesini döretdi. Ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana rahat beriji saz bolup ýaňlanýar.

Türkmen halysyna salynýan her bir nagyş öz boluşly bir manyny aňladýar. Zemin gözelligini emele getirýän nagyşlar bir-birinden owadan, nepis bolup, olar hala çitilende adamyň gül ýaly ýaşap, ösüp-örňäp gitmegi dileg edilip ähli umyt arzuwlary siňdirilýär. Merdana türkmen halky özüniň begenjini, şatlygyny, buýsanjyny hem köňül hasratyny siňdiren ajap halysyny agzybirligiň ajap tugy edinip, dünýä ýüzüne çykandyr. Milletimiziň inçe senediniň şöhrat-şanyny has-da belende götermek, onuň at-owazasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň özeninde milli buýsanç ýatandyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär.

Milli buýsanjymyz bolan halylar barada söhbet açanyňda türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlaryny haýrana goýýan halylaryndan tapawutlanýandygy, olaryň dürli görnüşleri : düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, ýaly öý bezegi höküminde giňden ulanylýandygy, şeýle-de gelin-gyzlar üçin niýetlenip dokalan ýantorba, gapjyk görnüşlerini göterýärler. Kimiň elinde görseň-de, örän nepislik bilen dokalan sungat haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlap ýazan “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda hem türkmen halysynyň waspy giñden beýan edilýär.

Häzirki döwürde içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli haly önümlerine bolan uly islegi kanagatlandyrmak wezipeleri bilen bir hatarda, haly dokamagyň milli däpleri goralyp saklanýar, gadymy nusgalar hem-de nagyşlar dikeldilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda täze fabrikler gurulýar hem-de işe girizilýär. Halyçy gelin-gyzlar üçin amatly şertler döredilýär.

Şeýle gymmatlyklarymyzyň täzeden dikeldilmegi we halyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Meñlibibi GUDYBAŞOWA
Türkmenistanyñ inžiner tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:39 pm, Feb 23, 2025
temperature icon 1°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
cbef2fb0 f5b6 11e7 bda3 f7748bbe30ea THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Psihoanaliz

original 163959ffdabd9d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine iş saparyna gitdi

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop