29-njy aprelde Aşgabatda ilkinji gezek «Promt-inžiniring sungaty» atly özboluşly okuw geçirilip başlanar. Generatiw neýroulgamlaryň täsin dünýäsine aralaşmak tejribeli IT hünärmenler bilen birlikde, bu ugry täze öwrenip başlanlar üçin hem örän gyzykly bolar. Prompt Engineering — tekstleri, şekilleri, aýdym-sazlary hem-de başga-da köp sanly zatlary döretmek üçin tekst ýüztutmalaryny (promtlar) peýdalanýan emeli aň pudagyndaky täze, tiz ösýän ugurdyr. Bu innowasion çemeleşme mobil goşundylary işläp düzmekden başlap, maşyn öwrenilişiniň we tebigy dili gaýtadan işlemegiň çylşyrymly meselelerini çözmäge çenli dürli pudaklarda ulanylýar. Amaly okuwlar öwrenijilere bu täze ugry özleşdirmäge hem-de tekstleri, kodlary, ssenarileri, aýdym-sazlary, şekilleri we köp sanly beýleki şu hili zatlary döretmekde hünärmen bolmaga ýardam eder. Okuw «HP Inc.» kompaniýasynyň tassyklanan hünärli promt-inženeri Rustam Guseýnowyň awtorlyk meýilnamasyna laýyklykda geçiriler. Şeýle hem ol geçilýän sapaklarda tälimçi bolar. Okuw 3 aýa niýetlenip, bilelikdäki formatda geçiriler: teoriýa, tejribe we öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek. Diňleýjiler şulary öwrenerler: – generatiw neýroulgamlaryň modelleriniň işleýiş ýörelgelerine düşünmek; – Promt-inžiniringiň dürli hili tehnikalaryndan we gurallaryndan baş çykarmak; – tekstleriň dürli görnüşlerini döretmek; – NLP meselelerini çözmek (klassifikasiýa, maglumat çykarmak, maşyn terjimesi); – generatiw goşundylary işläp düzmek. Okuwda alnan bilimler öwrenijlere degişli mowzuk boýunça öz taslamasyny taýýarlamaga we tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Okuw tamamlanandan soň, gatnaşyjylar «HP Inc.» kompaniýasynyň şahadatnamasyny alarlar. Bu okuw kimler üçin amatly: • emeli aň, maşyn öwrenilişi we NLP boýunça hünärmenler; • taslamalarynda generatiw modelleri ulanmak isleýän işläp düzüjiler; • promt-inžiniring we onuň mümkinçilikleri barada has köp zatlary öwrenmek isleýän islendik adam üçin; • marketologlar; • kopiraýterler; • SMM; • PR menejerler. «Promt-inžiniring sungaty» okuwyna ýazylmak bilen, generatiw neýroulgamlar pudagynda isleg bildirilýän hünärmen boluň. Geçirilýän ýeri: «Joşgun» söwda merkezi Geçirilýän wagty: sagat 18:30 — 20:00 Okuwyň başlanýan senesi: 29-njy aprel. Has giňişleýin maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 39, (+993 63) 02 68 49.
Türkmenistanda ilkinji gezek Promt-inžiniring boýunça okuwlar açylýar
Soňkylar Täzelikler
“Müňden biri” bäsleşiginiň ýarym final tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň ýaş zehinleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýän “Müňden biri” telebäsleşiginiň ýarym final tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanyp gelen
«The Ashgabat Times» okyjylary üçin täze mümkinçilik: nemes dili
Hormatly okyjylar! Sizi ashgabattimes.com saýtymyzyň ösüşindäki täze ädim bilen tanyşdyrýarys. Saýtymyzda dilleriň gerimi giňeldilip, ýakynda nemes dili dördünji dil hökmünde resmi taýdan girizildi. Bu
Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi
Ak Tam tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we amerikan jemgyýetini hem-de raýatlaryny goramak boýunça Prezidentiň tagallalaryny dowam
Täze halkara baýramçylyk “Bütindünýä türki dilleri güni”
Birleşen Milletler Guramasy we onuň medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy UNESCO ilkinji gezek “Bütindünýä türki dilleri güni” baýramçylygyny resmi derejede belleýär. Bu karar 2025-nji ýylyň
Dubaýda sürüjisiz taksiler resmi taýdan gatnawlara başlady
Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri şäherleriniň biri bolan Dubaýda täze tehnologiýa taslamasy işe girizildi. Resmi maglumatlara görä, şäherde sürüjisiz taksiler (robotaxi) 2025-nji ýylyň dekabr