mashyn THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçirilip bilner

01.04.2024

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça dünýäniň iň iri ýaryşy bolan «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçirilip bilner.

Bu mesele Aşgabatda taslamanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow taslamany ösdürmegiň direktory Sergeý Tukmanow we taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Wiktor Sokolow bilen ýurtda halkara ralli ýaryşyny guramak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, ýaryşyň geçjek ugruny işläp düzmek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny, lukmançylyk kömegini üpjün etmek we ýaryşlaryň geçirilýän wagtynda aragatnaşygy guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaryşy şu ýylyň 9 – 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär.

«Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi taslamasynyň taryhy 2009-njy ýyldan başlaýar. Ol diňe bir Russiýanyň sebitlerini däl, eýsem, Ýewraziýa ýurtlaryny hem öz içine alýar. Ýaryş Russiýa, Türkmenistan, Hytaý, Gazagystan we Mongoliýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçýär.

Taslamanyň esasy hyzmatdaşlary «Gazprom» AGPJ hem-de Hytaýyň awtoulag we motosiklet sporty federasiýasy çykyş edýär

Ozal Türkmenistanda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli geçirilipdi.

«TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:56 pm, Jan 18, 2025
temperature icon 8°C
переменная облачность
Humidity 71 %
Pressure 1022 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:13 pm
caption THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat ― London ― Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar

b629a351903b5884c599e744e92ed1c9 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

GTA 5 resmi däl ýagdaýda Android, Nintendo Switch we Linux, Leak Shows-a iberilip bilner

Soňkylar Täzelikler

Hytaýyň superawtoulagy tizlik rekordyny goýdy

26.11.2024
Elektrik superkar YangWang U9 BYD konserninden täze rekord goýdy, Hytaýyň seriýaly awtoulaglarynyň arasynda iň ýokary tizligi bilen. BYD hünärmenleri hem elektrik awtoulagyny 21 kilometrlik
GitTop