add a little bit of body text 2 5 THE ASHGABAT TIMES

Ýönekeýje 8 sany psihologiki hileler bilen adamlara öz diýeniňizi etdirip bilersiňiz

21.04.2024

Professional we şahsy durmuşymyzda köp dürli adamlar bilen gatnaşyk gurýarys. Bu adamlar bilen oňuşmak isleýäris we girýän gurşawymyzda has aňsat kabul edilmegimiz üçin özümizi özümiz ýaly edip görkezmek isleýäris. Her näçe adamlary tanamaga synanyşsakda, ähli adamlaryň umumy duýgusy we reaksiýalary bar, köplenç adam düşünmän hem işleýär. Başgaça aýdylanda, adamyň beýnisi adamyň häsiýetine garamazdan umumy pikir döredip biler. Muňa garamazdan, bu islegsiz reaksiýalary isleýän ugruňyza gönükdirmäge mümkinçilik berýän 8 sany ýönekeý psihologiki hileler bar.

8 THE ASHGABAT TIMES

Kelle ýaýkamak
Birine sorag bereniňizde kelläňizi birneme ýaýkamak, başga birine hakykaty aýdýandygyňyzy görkezýär. Bu ýerde kelle ýaýkamak diýip “kabul etmek” manysyny berýäris, jemgyýetimiz üçin bu kelläňizi birneme öňe egmek diýmekdir. Adamlar, jemgyýetçilik jandarlary hökmünde biri-birine öýkünmäge ýykgyn edýändikleri sebäpli, garşyňyzdaky adam bu kabul etmäni öz içinde boýun alar.

92355973 THE ASHGABAT TIMES

Kaka degişli
Her kimiň kakasy bilen gatnaşygy başgaça bolsa-da, “Muny kakamdan gördüm/öwrendim” düşündirişi adatça, adamlar üçin ýeterlik we kanagatlanarly bolup görünýär. Sebäbi gürleşip otyrka kakasyna ýüzlenýän adamyň kakasy bilen gowy gatnaşygy bar we kakasy sözleri diňlenýän adamdyr diýip pikir edilýär.

THE ASHGABAT TIMES

Hereket edende gürleşmek
Ýanyňyzdaky adam hiç haçan agyr sumkalaryňyzy götermäge kömek etmeýän bolsa we oňa aç-açan aýtmak islemeýän bolsaňyz, söhbetdeşligi dowam etdirýärkäňiz sumkany rahatlyk bilen eline beriň. Köp adam muny duýmaz we muny edýänler bir salym bulaşyklykdan soň gürleşmegi we sumkany götermegi dowam etdirerler.

Brokkoli hilesini ulanmak
Kimdir birine islemeýän zadyny etdirmek isleseňiz, oňa has erbet görnüş teklip edip, gowy birini saýlaýandygyny pikir etdiriň. Bu psihologiki hile şeýle düşündirilip bilner, mysal üçin: Brokkoli halamaýan çagaňyz bar bolsa, oňa brokkoli hödürlemegiň ýerine, ondan soraň 2 bölek ýa-da 5 bölek iýjekmi. Şeýlelik bilen, karary aslynda siz bereniňizde, çaga özi saýlandyr öýdüp öz göwnüni tapyp biler.

Mundan başga-da, kimdir biriniň yzarlaýandygyny ýa-da kellämizde galan şol bizar aýdymdan dynmak üçin edip biljek zatlarymyz bar. Bular näme?

how to stop yawning THE ASHGABAT TIMES

Kimdir biri sizi synlaýarka pallamak
Kimdir biriniň sizi synlap oturanyny bilesiňiz gelýärmi? Onda ýasama hem bolsa pallaň, ýokuşýanlygy sebäpli, sizi synlaýandyr öýdýän adamyňyz, belki-de pallaýar we şeýlelik bilen özüni ele berer.

hatali beden dili hareketleri THE ASHGABAT TIMES

Duşmany ýakynda saklamak
Aýdyşlary ýaly, “dostlaryňa ýakyn bol, duşmanlaryňa has ýakyn bol”. Kimdir biri sen hakda erbet zatlar aýtjak bolsa, meselem, ýygnakdaky işiňizi ýamanlajak bolsa, gapdalynda oturyň. Adamlar, fiziki howp bolmasa-da, fiziki taýdan özüne ýakyn bolan adam hakda erbet gürlemek islemeýärler.

tokalasmak THE ASHGABAT TIMES

Ýyly eller bilen salamlaşmak
Kimdir biri bilen duşuşanyňyzda elleşmäge taýynlanýan bolsaňyz, elleriňiziň gaty sowuk däldigine göz ýetiriň. Ýyly eller beýleki adamyň aň-düşünjesine oňyn täsir edýär we sizi aragatnaşyk üçin has açyk hasaplaýar.

bazi sarkilar neden akliniza takilir THE ASHGABAT TIMES

Kelläňize dolanan aýdymy tamamlamak
Kelläňize çolaşan aýdym barmy we ondan dynyp bileňzokmy? Ýagdaýy we aýdymy kesmegiň ýerine aýdymyň soňuna çykyň we ony tamamlaň. Zeigarnik Effekti hökmünde häsiýetlendirilen psihologiki ýagdaýa görä, aýdymy gutarmak, belki sizi halas eder, sebäbi beýnimiz tükeniksiz düşünjeler we jogapsyz soraglar hakda pikirlenmegi dowam etdirer.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 am, Feb 23, 2025
temperature icon -0°C
небольшой снег
Humidity 100 %
Pressure 1019 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
harry potter THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Garri Potter” ýyldyzynyň aradan çykmagy janköýerleri gynandyrdy

nbksuhl2h1akn8y2jr6brnop2z3z8zj21ideh fh nkupxuadyxtjhou4mvo6bcvozkf9gqve5q cpawk214lywk9g1n5houv jakob7bcluwijcrzzqg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Squid Game” seriýasynyň ikinji möwsüminiň goýberiljek senesi yglan edildi

Soňkylar Dünýä habarlary

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

17.02.2025
Şu ýylyň ýanwarynda Braziliýa Russiýa kofe üpjünçiligini ep-esli artdyrdy, Wýetnamdan üpjünçiligiň azalmasyny öwezini dolup. Milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa esasy üpjün ediji bolýar.
GitTop