YŞK MEKANY ATAŞ

19.04.2024

Pähim- parasatly kethuda ýonaçylara dowla düşer ýaly hiç närsäniň ýokdugyny, ýüregi ýuka, başy gowgaly, aladaly şahyryň-aryfyň saç-sakgalynyň ir agarýandyny deliller bilen düşündirdi. Jiger-bagrynygyn edinen ýyldyrym ýaly pajygaly habary pynhanda saklap, maşgalasyny dowuldan, howsaladan, nämälim gorkudan halas eýledi. Emma dowul kethu-danyň öz gursagynda kyýamat apy-tupanynaaýlandy…

Il kethudasy, sylagly-sarpaly, ömrüne ýalan sözüň golaýynda barmaýan Döwletmämmet aga heý hossarlary ynanman biljekmi? Magtymguly bolsa düýrmegi bilen ynandy, sebäbi ol dädesini tanaýardy,haýsydyr bir gudrat zerarly saçy-sakgaly agaraýmasa, bu dünýäniň külpetlerem, şumluklaram, bedibagtlyklaram onuň umman ýaly giň, gara daglar ýaly beýik hem dana dädesiniň saçyny-sakgalynyýekeje günde agardyp bilmeli däldi. Döwletmämmet aganyň ýeke günde saçynyň-sakgalynyň agarmagy diňe Hajygow-şanyň däl,tamam Türkmensähranyň ilatynam howatyrly iňkise batyrdy. Ýönekeýadamlar “Döwletmämmet weli alym, bendäniň maşgalasyna bir aýylganç howp abanýandyr, ony aýan bilibem görgüliniň saçy-sakgaly agarandyr” diýse, dana kişiler “Döwletmämmet Türkmensähranyň,uly iliň kethudasy, öz maşgalasynyň depesinden howp abanýany üçin, sakgalyny-saçyny agartmaly weli däl, haý görersiňiz, ulus-iliň üstüne bir nägehan bela howp salýan bolaýmasa” diýip, pikirgirdabyna gark boldular. Garasaý, il-ulusa Döwletmämmet aganyň saçy-sakgaly iş boldy.

Ertesi Döwletmämmet aga Kynyş begi ýanyna çagyryp, sypaýy halda:

-Kynyş begim, ylma-bilime düýrmegi bilen berlen Magtymgulynyň gijesi-gündizi ýok, atyna atlanyp ýekeje özi gidiberýär. Nä wagt, nä zamana, göz bar, dil bar, dost bar, duşman bar. Sen Magtymgulynygöz astynda saklaweri—diýdi. Kynyş beg:

-Döwlet däde, mundan bir ýyl ozal Selim dädem Janaman ikimize “Magtymguly niräk gitse, kölegesi ýaly yzyndan galaýmaň, oňa görünmän goraň! Onuň kölegesi ynjaýsa, ikiňiziňem kelläňi alaryn”diýip berk tabşyrypdy. Şondan bäri Magtymguly hanjak gitse ýa men, ýa Janaman onuň yzyndan galman, penalap ýörüs—diýdi. Döwletmämmet aganyň inisi Selim Magtymgulydan göwni bitdi.

Magtymguly näçe giç ýatsa-da, barybir daň horazy gygyrmazdan has ozal oýanyp, ýuwunyp-ardynardy. Öýleri obanyň çetinde bolanam taň zat, ol boz meýdanlara aýlanyp, balkyldaşyp gözlerinigyrpyşýan pynhan syrly ýyldyzlary, ümüş-ta myşda heserlän dünýäni synlap, şöwür kylardy. Gör-ha Allatagala ony owadan dünýä getirip, Magtymgulynyň gursagyna sygmaýan ullakan bagt beripdir.Onuň tutuş Türkmensähra kethudalyk edip oturan ýagşyzada ýaly dädesi, ýüzünden-gözünden Hakyň nury ýagyp duran perişde ýaly ejesi, daglaryň arslany-şiri ýaly mähriban gardaşlary, çigildem güliýaly eziz uýasy bar. Göreniňde ýalpy-ýaz bolup göwnüňi açýan Kynyş agasy, gökleňde-ýomutda arzylanýan kümüşçi ussa Selim Magtymguly, daşyny gallap duran doganoglanlary bar. Abdylla-da,Mämmetsapa-da, Magtymguly-da, Janesen-de babasy Atanyýaz hana çekipdir. Atanyýaz hany görenler «han ata dagy artlap münäýerdi, aýaklaryny üzeňňiden goýberse, ýere degýärdi» diýýärler.Magtymguly Hudaýdan müň kerem yrza, sebäbi ol oňa suw boýlap, syryga towsup ýörmeli syrdamdan uzyn boý, berdaşly göwre, şasuwar kaddy-kamat beripdir. Ol Hudaýdan müň kerem yrza, oňatüweleýläp duran howalaly ruh, göçgün göwün, şamçyrag ýaly ýanyp duran zehin, parlak akyl-paýhas beripdir. Ol ýaş başyndan müň-de bir kitap okap, ahun-pirleriň sapagyny geçip, kämilligiň birgyrasyndan girip, özüni Allanyň azyzlanyny, san-sajaksyz jemendäniň içinden saýlap, haýsydyr bir belent maksada ugrukdyrýanyny syzýardy, duýýardy, aňýardy. Ol ýaş başyndan Türkmensähranyňuçmah ýaly owadan tebigatyna aşyk bolup, ruhuna ruhy, göwresine beden terbiýesini berdi. Ol bu görünýän hasu-aamlar dünýäsinden çykyp, müňde bir syr bolup albaý bulaýan hikmetler, gudratlar,syrlar dünýäsine aralaşyp, Haka barýan ýola düşmelidi. Ýalan dünýäde çyn ýaşap, gapyl garagyny açyp, gaflatda ýaşap ýören halkyň-halaýygyň görmeýänini görüp, eşitmeýänini eşidip, duýma-ýanynyduýup, dünýä akyl ýetirmelidi!Magtymguly ýaş başyndan özüni uly uçuşlara taýýar-laýardy. Ol häli-şindi özüne:

-Magtymguly, işiň agyryna ýapyş, aňsadynyň eýesi kändir, gije-gündiz oka, ylym-bilim al, nadanlygyň eýesi kändir, il-ulsuňyň adyny-abraýyny arşa galdyr, sensizem il-ulsa iş bolup at ýitirip ýörenlerdolydyr, ýurduňy depäňe göter, sensizem ýurduňy owsarlap münüp,ýük bolýanlar ite dökündir, ýürekleriň soltany bol, ýurduň soltany boljak bolýanyň san-sajagy ýokdur, aýlan, dünýäni gör, sensizemdünýä özüni görkezjek bolýanlar süri-süri —diýip, ýapyşan her bir işine ataş bolup ýapyşýardy. Günler oňa basgançak, aýlar binýat bolup, günsaýyn, aýsaýyn onuň gözýetimi giňäp, dünýägaraýşy çuňalypbarýardy. Bir gije ol soňsuz oý-pikirlerinden halys usurgap, daňyň öňýany ýatyp galdy. Has dogrusy, uka däl-de, ýa gudratly, ýa jadyly düýşler dünýäsine gitdi. Magtymguly o mahal on altydan geçip onýedi ýaşdan alyp ugrapdy, emma boýy, göwresi-gabarasy on sekiz-on dokuz ýaşlylaryňkyça bardy…Eý-ho! Hanha, Magtymguly Perwerdigäriň gudraty bilen arşy agladan zemine düşen uçmahyň ajaýypjülgesine aýlanyp ýör. Ol dogup-döräp görmedik gözelligine bendiwan bolup, dumly-duşuna nebsewür nazar salýar. Aý-ho! Hanha, şeýle bir owadan hüýr kaddy-kamatly sahypjemal gyz sallanyp, seýkinbasyp, göz güldürip gelýär, göni onuň ýanyna gelýär! Magtymguly entek düýşünde-huşunda beýle owadandan zyba, näzeninden eýjejik gyzy görmändi. Al-elwan sabadan, şirin ýaňly owazdan,älemgoşarly howadan ýaradylan melek gyz şelaýyn ýylgyryp Magtymgulyny nazarlap gelýär! Sahypkyran gyzyň şakäse ýaly ullakan kirpikmen ala-ala humarala gözleri pynhan syr bilen, yşk-heser bilen,jadyly bark(ýyldyrym) bilen, seýirli nazar bilen ýaş ýigidiň janyny alyp barýar. Ýigdekçe akyl-huşundan, erk-ygtyýaryndan aýrylyp, gyzyň ümüş-tamyş ýaly nerkes gözlerine bendiwan bolup, näçe mahalgarap duranyny hem bilenok, Hüýr gyzyň gözlerinden gözlerini aýryp hem bilenok, neresse düýşünde-de essi aýylyp, özünden gidip barýar. Perizat gyzyň näzijek gülüň ýapragy ýaly eýjejik lebleriniňýokary ýanynda laçyn guşuň gözleri ýaly şar gara meň bar. Sahypjemal gyz kä gyýk garap, kä owsunyp näz-kereşme bilen jilwe taşlap, jadyly garaýşy bilen Magtymgulynyň jigerini jigledip, endam-janyny dygladyp, gursagynda ýer titredip, enterpelegini aýlady. Hüýr gyzyň ýaýylyp goýberilen tolkun-tolkun saçlary jadyly şaglawuk ýaly owsunyp aşak akyp ýatyr. Uçmahdan çykan jadyly gyzyň syh-syh kirpikleri şeýle bir uzyndy, hatda uçlary Magtymgulynyň ýüregine girip barýardy. Hüýr gyzyň nerkes gözleri şeýle bir ulydy, hatda Magtymguly gaýybana gark bolup barýardy. Owadan gyz oňa şeýlebir golaýlady, hatda gyzyň ýürejiginiň gürsüldisi Magtymgula degip, degip gidýärdi. Ýol ýaly ýukajyk ibrişim ýüpek köýnekli üzümiň suwy ýaly gyzyň yşk bilen gürsüldeýän ýürejigi gelinbarmak üzüminiňçigdiniň görünşi ýaly görnüp durdy. Humarala gözleriň agy ak şugla, garasy gara şugla saçýardy. Ýaş ýigit haýran galýar: owadan jülgäniň ýaşyl maýsasy ýaşyllygy bilen gözleriň ýagyny iýip barsa, penje-penje güller owadan jadyly ýylgyryş bolup gözelligine bendi edip,müşki-enwerini kükedip, beýhuş eýleýär. Ýalçy gaýadan şaglap inýän şaglawugyň çisgin-jybaryndan dörän älemgoşar öser-ösmez ýelenäz eýläp olaryň ýüzüni ýolpeýär. Görülmedik dal-daragtlar perwana bolup, Magtymguly bilen Hüýr gyzyň daşynda raks oýnap, üýtgeşik-üýtgeşik güllerini ysgadyp, miwelerini, näzi-nygmat-laryny hödüredýär. Şindi görülmedik, owazy eşidilmedik guşlar saýraşyp, kah-kah uruşyp, hoş owaz eýleşip, dünýäni göçürýär! Äpet-äpet toklytaýlar ýaly, tawus guşlar ýaly, durnalar ýaly owadan guşlar olaryňdaşynda raks oýnaýar. Owadan serwi daragtlar gelip, Hüýr gyz bilen Magtymgula tagzym edýär. Magtymguly ömründe birinji gezek ýöreýän, raks oýnaýan agaçlary, güllerini güjeňleşip ýylgyryşýanjadyly bägülleri gördi. Hüýr gyz bolsa husnyjemalyny güjeňläp, kä owadan ýylgyryp, kä pitneýi gaşlaryny oýnadyp, jadyly gözlerini güldürip, Magtymgulynyň elinden tutup, messan-messan ýöräp beýikdag gerşinden şaglap inýän şaglawugyň aşagyna girip gitdi. Depesinden al-ýaşyl şaglawuk inen Magtymguly syçyrap ukudan oýandy, uludan dem aldy, gözlerini höwlendirip, töwerek-daşyna garandy. Olýene haýran galyp, ullakan gözlerini petretdi: eý-ho, onuň düýşünde gören Hüýr gyzy bilen başta bir Magtymguly ala şowkun bolup şaglaýan şaglawugyň aşagynda şalpy-şaraň ezilip ýylgyryp dur.Magtymguly ýaňaklaryna urup, endamyndan çümmükläp gördi. Ol oýa! Ol Hüýr gyz kimly kim? Ol Magtymguly kim? Şol pursat Hüýr gyz bilen Magtymguly huşdaky Magtymgula gollaryny çalaja bulady. Bir salymdan uçmah jülge-de, şaglawuk-da, Magtymguly-da, Hüýr gyz-da salgym ýaly onuň gözleriniň öňünde howa hem owaza öwrülip gitdi.

Bu hikmetli düýşüň ýene bir geň ýeri: Magtymguly tä ölinçä zeminiň ýüzünde aram-aram şol heserli düýşi gördi ýördi. Rowaýatlara görä, Magtymgulyny depin eden gölegçiler hut şol gün gabrystanyňgolaýynda uçmahdan zyýada jülgede hüýr ýaly gyz bilen juwan Magtymgulynyň özlerine seredip duranyny görüpdirler. Häzirem ikisi kalby, niýeti-pygly, içki dünýäsi tämiz zyýaratçylara aram-aramgörünýämiş.

Aksoltan ALLABERDIÝEWA
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:08 am, Nov 25, 2024
temperature icon 14°C
ясно
Humidity 49 %
Pressure 1013 mb
Wind 3 mph
Wind Gust Wind Gust: 6 mph
Clouds Clouds: 4%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:57 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Ýetginjekleriń akyl ýetiriştutumlarynyň aýratynlygy

Next Story

Magtymgulynyň söýgi lirikasy we sufizm

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop