61d54013715e1137 THE ASHGABAT TIMES

ÝURDYŇ YKDYSADYÝETINDE AGROSENAGAT TOPLUMYNYŇ ROLY WE ORNY

02.04.2024

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti ýolunda ösmeginde agrosenagat toplumynyň uly roly bardyr. Her bir ösüş ýolunyň özüniň startegiýasy bardyr. Strategiýa ýurdyň aýratynlykdaky makroykdysady belgileriniň görälikdäki azalmasyna seretmezden, agrosenagat toplumynyň ykdysadyýetdäki rolynyň we wezipesiniň ösmeginden gelip çykýar we onuň netijesinde ilatyň has wajyp çalyşyp bolmaýan azyk durmuşy talaplaryny, ýurduň sarp edijiler bazaryndaky azyk harytlarynyň paýyny, azyk harç edilişiniň umumy göwrüminde udel agramynyň ýokarlanyşyny, häzirki wagtdaky umumy girdejini (dohody), döwletiň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilişiniň möhümligini, azyk harytlaryň bahasynyň dinamikasyny, inflýasiýany, ilatyň durmuş derejesine we beýleki esasy makroykdysady görkezijilere täsirini hasaba alýar. Şeýle-de ykdysady ösüşleriň görnüşi bilen bilelikde traktor we oba hojalyk maşyngurluşygyna, energetika, daşaýjylara (transport), gurluşyga, himiýa senagatyna, agrohimiki we beýleki hyzmat ediş önümçiligine, olaryň önümçiliginiň sazlaşygyna we hyzmatyna, ylmy-tehniki ösüşe, täze iş ýerleriniň döredilişine esasy önüme goýulan goýumlaryň ösüşiniň täsirini göz öňünde tutýar. Oba meýdanlarynda oba hojalygynyň düýp pudak hökmündäki ähmiýetini hasaba almak strategiýanyň aýratyn wajyp meselesiniň biri bolup durýar. Sebäbi ol belli bir derejede oba ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň we girdejisiniň özeni hökmünde şekillenýär hem-de öz gezeginde ilatyň ýaýrap ýerleşişi bilen bagly bolup durýar. Ilat bolsa özleriniň aýratyn däp-dessurlary bilen döwletiň territorial bütewiligini saklap wajyp roly ýerine ýetirýärler. Daşky gurşawyň goralyp saklanylmagy, sol sanda oba hojalygyna ýaramly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, halky sagdyn iýmit düzümi bilen üpjün etmek, ýurduň ilatynyň ömrüniň dowamlylygy we ösüşi,  ýurduň eksport potensialynyň emele geliş alamatynyň ösüşi, döwletiň finans durgunlylygynyň ösüşi hem strategiýanyň wajyp bölegi bolup durýar.

Agrosenagat toplumynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetiniň köpfunksiýaly bölegi (sektory) bolup, onuň maksady ýurdyň ilatyny ýokary hilli watanymyzda öndürilen iýmit bilen üpjün etmek, oba hojalyk iýmit önüminiň eksportyny artdyrmak, oba ilatynyň girdejisini artdyrmak üçin şertleri döretmek, oba serhet çäginiň (territoriýasynyň) durnukly ösüşini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Munuň Strategiýasynda agrar bölegiň ösüşi şu düýp binýat (fundamental) faktorlaryň täsiri astynda bolup geçýänligi hasaba alynýar we olara bazar mehanizmleriniň peýdalanylyşy, netijeli we bäsdeşlige ukyply önüm öndürijileriň emele gelişi, ýer işleri bilen baglanşykly bolan şeýle-de pudagyň innowasion ösüşi, kämilleşişi, önümçiligiň ekologiýasy, oba hojalyk önüm öndürijileriniň möhüm netijesi bolan girdejililiginiň artmagy, agro-önümçilik bazarynyň sazlanylyşy we daşary ykdysady ösüş, oba ilatynyň sosial ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen bagly bolan birnäçe meseleler toplumlaryny çözmek üçin döwlet tarapyndan agrar we agrotehnologiki syýasatynyň kämilleşişi degişli bolup durýar.

Ýurdyň funksiýalaşdyrylan agrosenagat toplumynyň strategiki maksadynyň hili hökmünde şu aşakdakylara öňünden seredýärler: Ýurduň azyk howpsuzlygy Doktrinasy ýurdyň içki bazaryny watanymyzda öndürilen oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Munuň üçin biziň ýurdumyzda oňaýly şertler bardyr, şeýle-de ýurduň hemme raýatlarynyň doly sagdyn durmuşyny üpjün ediji doly iýmit düzümli iýmitler öndürilmek esasy ýerde durýar. Tebigy şertleri hasaba almak bilen biziň ýurdumyz dünýäde diňe bir däne däl, eýsäm beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem bellidir. Şeýle-de oba ilatynyň oňaýly durmuş şertleri, ýaşaýyş jaý şertleri, kommunal hyzmatlary, girdejisiniň ýokary ölçegi, ýol-gatnaw şertleri, elýeterli saglygy goraýyş şertleri, milli medeniýeti, sport üçin şertler, bulardan başga-da milletiň genofondynyň fiziki hem-de ruhy sagdynlygy üçin şertler döredilendir. Agrosenagat toplumynyň ösüşiniň innowasion modeline geçilip kämilleşmegi üçin, ylmyň we tehnikanyň häzirkizaman gazananlaryny çalt ornatmaly, bu bolsa zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, önümiň öndürilişi üçin resurslaryň azalmasyna, milli we dünýä bazarynda önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Önüm öndürmek önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny we ýeterlik giň derejede önüm öndürmek üçin oba hojalyk önüm öndürijileriniň girdejililik derejesini artdyrmaly. Agrosenagat önümçiliginiň ekologiýasy üçin oba hojalygynyň tebigy potensialyny gowulandyrmaly, ýer gullugyny dikeltmeli, toprak resurslaryny ýerlikli peýdalanmaly, ekologiki taýdan howpsuz önüm öndürmeli.

Maral HALDURDYÝEWA
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:24 am, Feb 23, 2025
temperature icon 4°C
пасмурно
Humidity 86 %
Pressure 1019 mb
Wind 3 mph
Wind Gust Wind Gust: 3 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadagyň buýsanjy – Ahalteke bedewi

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop