link 2024 05 06 12 43 17 699 THE ASHGABAT TIMES

Akkumulýator batareýalary

06.05.2024

Jogapkärli podstansiýalarda operatiw toguň çeşmesi hökmünde akkumulýator batareýalary ulanylýar. Akkumulýator batareýalary iň ygtybarly iýmitlendiriji çeşmedir. Akkumulýator batareýalarynyň naprýaženiýeleri elektrik setde naprýaženiýäniň bardygyna we ululygyna bagly däldir. Batareýanyň kuwwaty islendik öçürijini birikdirmek üçin ýeterlikdir. Ýokary bahalylygyny we adaty stasionar akkumulýator batareýalaryna hemişe hyzmat etmegiň zerurlygyny hasaba alyp, akkumulýator batareýalary 110 kW we ondan ýokary naprýaženiýeli podstansiýalarda goýulýar.Akkumulýator batareýalary hemişelik toguň şinasyna birikdirilen ýörite göneldijilerden (ВАЗП, ВУК) hemişe zarýadlanýarlar we şonuň bilen bir wagtda hem operatiw toguň şinasynda naprýaženiýäni durnukly saklaýar. Hususy zerurlygynyň dürli transformatorlaryndan iýmitlenýän iki sany göneldiji iş ýagdaýyndadyr.Akkumulýator batareýalarynyň we göneldijileriň awtomatlary öçen ýagdaýynda signal işlemelidir we bu çeşmeleriň biriniň operatiw toguň ulanyjylarynyň ygtybarly işini üpjün etmeýändigi, täzeden birikdirmek çäreler üçin geçirilmelidir. Signalyň bardygyna garamazdan, hemişelik toguň şinasyna we akkumulýator batareýalaryna ((220‑230W) naprýaženiýäniň derejesine, zarýadlandyryjy enjamlaryň we akkumulýator batareýalarynyň toguna) yzygiderli gözegçilik edilmelidir.Zarýadlandyryjysy ýok bolan akkumulýator batareýalary podstansiýanyň ýüküniň hasabyna öz zarýadyny ýitirýär, şonuň üçin rele goragy we awtomatika öçürijini öçürip bilmeýär.Hemişelik toguň setiniň izolýasiýasynyň garşylygyny awtomatiki gözegçilikde saklamalydyr. 220 W naprýaženiýeli operatiw toguň setinde izolýasiýanyň garşylygy 20 kOm-dan (110 W setde 10 kOm) pese düşse, «operatiw toguň şinasynda ýer» diýen signal işleýär. Izolýasiýanyň garşylygynyň bu derejeden peselmegi, reläniň sarymy ýere gysga utgaşanda, rele ýalňyş işleýär (2.1-nji çyzgy). Şonuň üçin «ýer» signaly dörände, ýere gysga utgaşmanyň ýerini gözlemekden başga, ähli işler togtadylýar.

img 20240506 121938 1 THE ASHGABAT TIMES

Reläniň birikdirilen gysgyçlary ýere utgaşan ýagdaýynda, reläniň sarymlaryna izolýasiýanyň garşylyklary yzygider birikdirilýär.Relede reläniň we izolýasiýanyň garşylygynyň gatnaşygyna proporsional naprýaženiýe goşulýar. Izolasiýanyň kiçi garşylygynda naprýaženiýe reläniň işlemegi üçin ýeterlikdir. Ýere gysga utgaşma goragyň relesiniň işlemegine ýeterlik bolanda, signalyň işlemegi talap edilýär we garşylygyň ululygy hem şoňa görä alynýar. Reläniň tegeginiň garşylygy 20 kOm-dan uly we onuň işleme naprýaženiýesi Unom nominal naprýaženiýäniň 50%-den kiçi bolmadyk ýagdaýy araçäk şert hasaplanýar.Operatiw toguň setinde ýere utgaşmany tapmak üçin awtomatlary gezekli-gezegine öçürmek bilen amala aşyrylýar. Zeper ýeten fider anyklanylandan soňra, ony öçürmek mümkinçiligini kesgitlemelidir. Eger gorag diňe bu fiderden iýmitlenmeýän bolsa, onda awtomatika işden çykarylýar. Ýere utgaşmany gözlemegi we bejermegi rele goragynyň hünärmeni ýerine ýetirýär. Uly podstansiýalaryň hemişelik togunyň setleri, fideri öçürmezden zeper ýeten fideri anyklamaga mümkinçilik berýän gurluş bilen üpjün edilen. Şeýle gurluş ýere utgaşmada işe girýär we fideri barlaýar. Gurluşyň düzümi hemişelik toguň şitiniň şinasy bilen ýeriň arasyna birikdirilen generatordan durýar.Hemişelik operatiw toguň dolandyryjysynyň we goragyň çeşmesiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin, hemişelik toguň şitinden çykyp gidýän birikmeleriň awtomatlary bilen akkumulýator batareýasynyň awtomatlarynyň arasynda saýlaýjylyk üpjün edilen bolmalydyr. Şeýle saýlaýjylygy almak tehniki taýdan çylşyrymly, sebäbi hemişelik toguň birikmeleriniň ýüküniň togy uludyr (elektromagnit hereketlendirijileri birikdiriji solenoid, hemişelik toguň hereketlendirijisi). Adaty görnüşli akkumulýator batareýalary üçin ýyladyş ulgamly we howalandyryjyly, ýörite jaýlar gerek, sebäbi batareýa zarýadlananda ol ýangyn howply wodorod bölüp çykarýar. Akkumulýator batareýasynyň zarýadynyň derejesine, dykyzlygyna we elektrolitiň derejesine hemişe gözegçilik etmeli. Bu kynçylyklar üçin akkumulýator batareýalar diňe uly elektrik desgalarynda ulanylýar. Galan ýagdaýlarda üýtgeýän operatiw toklaryň dürli görnüşleri ulanylyar.

Gülendam ESENOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:15 am, Jan 31, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1034 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:11 am
Sunset Sunset: 6:27 pm
629730c59aab7420 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdymyzyň Bilim ulgamynyň ähmiýeti

210823 033 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Soňkylar Makalalar

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

30.01.2025
Emeli aň geljekçi pikirden gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Esasynda, emeli aň adam akyllylygyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirip bilýän maşynlary we programmalary döretmek

Nanotehnologiýa

30.01.2025
Nanotehnologiýa atom we molekulalaryň derejesinde maddanyň üýtgedilmegi arkaly daş-töweregimizdäki dünýägaraýyşymyzy üýtgedýär. Bu ösen ugur dürli ylym bölümlerini öz içine alýar, şol sanda himiýa, biologiýa,

Elektroenergetika pudagy

30.01.2025
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary,

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly
GitTop