arenda lazernogo nivelira bosch grl 300 hv THE ASHGABAT TIMES

Aýlanýan lazer niweliriniň aýratynlyklary

06.05.2024

Techno-NDT kompaniýasy geodeziki işler üçin aýlanýan lazer niwelirlerini hödürleýär. Aýlanýan lazer niwelirleri gurnamak we ölçemek işleri üçin giňden ulanylýan ýöriteleşdirilen geodeziki enjamdyr. 15 – 20 ýyl ozal geodeziki gurallar ýerüsti nokatlaryň biri-birine baglylygyny kesgitleýän ýörite optiki enjamlar bolan bolsa, indi tehnologiýa has özgerdi. Häzirki wagtda iň meşhur geodeziki gurallaryň biri – lazer niweliridir.
Lazer niwelirini saýlamazdan ozal, ony näme maksat bilen ulanmalydygyna takyk we anyk bilmeli. Häzirki wagtda lazer niweliri dürli gurluşyk we gurnama işleri üçin iň gowy kömekçidir. Lazer niwelirinde aýlanýan prizma görnüşindäki şöhlesi bar we 300 – 1000 metre çenli aralykda lazer çyzyklaryny gurmaga mümkinçilik berýär. Lazer niweliriniň takyklygy gaty ýokary we onuň ýalňyşlygy 10 metrde 2 mm-den geçmeýär.
Lazer niweliriniň gurluşy örän çylşyrymly. Şeýlelik bilen, magnit kompensatoryny ulanyp, aýlanýan lazer niwelirini awtomatiki usulda gerek bolan ýagdaýda gurnalýar we desgalaryň içinde niwelirlemek işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Adaty lazer niwelirlerinden tapawutlylykda, aýlanýan lazer niweliri ýapgyt tekizlikde hem ulanylyp bilner. Lazer şöhlesini açyk ýagtylykda görmek üçin ýörite howpsuzlyk äýnegini dakynmak ýeterlikdir. Aýlanýan lazer niwelirini lazer detektory bilen bilelikde ulanmak has oňaýlydyr. Bu geodeziki işleriň iň ýokary takyklygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Nowruz PIRNEPESOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
vybor professii podrostkom 918x516 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adamzat durmuşynda zähmetiň ähmiýeti

gbhufghu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gün energiýasynyň oba hojalykda ulanylşy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop