THE ASHGABAT TIMES

Beki Seýtäkow

22.05.2024

Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda Tagta etrabynyň (häzirki Görogly etraby) Bedirkent obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Onuň ýaşlyk döwri ýeter-ýetmezçilik, açlyk ýagdaýda geçýär. Bu hakda şahyr “Çagajyk” atly goşgusynda şeýle ýazýar:

Ỳada düşýär, çagalygym gam içinde geçipdi meň,

Gulagyma gije-gündiz ilýärdi bir zarynly heň,

“Çörek” diýip aglaýardym gün ýaşanda, atanda daň,

Enem gözden ýaşyn döküp diýýärdi: “Az dur, çagajyk”.

 Ol başlangyç bilimi öz obalarynda 1924-nji ýylda ilkinji açylan “Ak tam” atly mekdepde alýar. Ỳigriminji ýyllaryň başlarynda ol Tagta etrabyndaky mekdep-internatyna okuwa ýerleşdirilýär. Şondan soň ol 1927-nji ýylda Daşoguz peduçilişşesine okuwa girip, ony 1931-nji ýylda gutarýar. Ol Daşoguz welaýatynyň dürli etraplarynda bilim ulgamynda (magaryf sistemasynda) işleýär, mugallymçylyk edýär. Şol ýyllarda ol etrap, welaýat gazetlerinde täze döreden eseri bilen yzygiderli çykyş edip durýar. Onuň ilkinji goşgusy “Garşy alyndy”ady bilen “Türkmenistan” gazetinde (06.02.1930ý) çap edilýär.

B. Seýtäkow 1937-nji ýylda Aşgabada işe gelýär. Ol ilki “Ỳaş kommunist” (häzirki “Nesil” gazetinde) gazetinde bölüm müdiri, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda jogapkär sekretar, soň onuň redaktory, soňra bolsa “Mydam taýýar”, “Edebiýat we sungat” gazetleriniň redaktory bolup işleýär. Bu bolsa onuň edebi döredijilik talantynyň barha kämil bolmagyna oňaýly täsir edýär.

B. Seýtäkow 1963-nji ýylyň Oktýabr aýyndan 1965-nji ýylyň aýaklaryna çenli Türkmenistan Ỳazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işleýär. Soň ol ýene-de birnäçe ýyllap “Sowet edebiýaty” žurnalyna redaktorlyk edýär.

1939-njy ýylda onuň “Bagtly nesil” diýen ilkinji proza eserleriniň ýygyndysy çap bolup çykýar. Şeýle-de bolsa ol şol döwürde şahyr hökmünde hem aktiw çykyş edýär. Ylaýta-da onuň “Ỳaşlyk”, “Arslan hakynda aýdym” (1938), “Ot içinde”, “Aýazhan” (1940) ýaly poemalary, “Biziň döwrümiz” (1941)  ýaly goşgular ýygyndylary neşir edildi. Bu çap bolan eserlerde kolhoz obasynyň keşbinde, türkmen daýhanlarynyň ruhy dünýäsinde ýüze çykan täzelikler, daýhanyň ýerden, suwdan öz paýyny alşy, ýaşlaryň okuwa, bilime topulyşy çeper suratlandyrylýar, täze durmuş bilen deň gadam urmak halka wagyz-nesihat edilýär.

Ỳazyjynyň 1947-nji ýylda “Goşgular we poemalar”, 1948-nji ýylda “Oba hekaýalary”, 1951-nji ýylda “Saýlanan eserler”, “Gum ýeňilýär” diýen kitaplary çap bolup çykýar.

Ỳazyjynyň “Başa-baş söweş”, “Goňşy”, “Diplom”, “Derýada”, “Gara ýylan”, “Wyždan” diýen hekaýalary, “Çuwal bagşy”, “Döwürdeşler”, “Ynjalyksyz adamlar”, “Gyz salgydy”, “Bekmurat Durdyýew”, “Perwana”, “Tylla seniň yşkyňda”, “Şahyr” powestleri, “Doganlar”, “Bedirkent”, “Çölüň ýüregi” romanlary birnäçe drama eserleri özüniň gyzyklylygy, ýeňil okalýanlygy, wajyp meseleleri açyp görkezýänligi bilen okyjylar tarapyndan oňat garşy alyndy. Bu eserlerde türkmen ýigitleriniň we gelin-gyzlarynyň başdan geçirmeleri, olaryň iş aladalary, dostlukly gatnaşyklary, durmuş ýagdaýlary çeperçilik bilen suratlandyrylýar.

Talantly Beki Seýtäkow türkmen edebiýatynyň taryhynda iň öndümli işlän (29 kitap, dürli metbugatda 130 eser….) ýazyjylaryň biri hasplanýar.

Ỳazyjynyň çeper eserleriniň ençemesi dünýä halklarynyň dillerine terjime edildi. Onuň özboluşly çeper döredijiligi ýaşlar üçin nusga alarlykdyr.

B. Seýtäkow 1979-njy ýylyň Mart aýynda Moskwada agyr kesel zerarly aradan çykýar. Daşoguz şäherindäki onuň okan mugallymçylyk mekdebine (peduçilişşesine) Beki Seýtäkowyň ady dakyldy.

Gözel ÇOWDUROWA
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
large technological equipment 3eb6a2e1ee THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tehnologiýanyň ýörelgeleri

65f854814fd223fc3678f025 osi application layer THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Açyk ulgamlaryň özara täsiriniň modeli

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop